Dillerimiziň dessany

19 Aprel 2021
903

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat Aziýanyň merjen şäherine, halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Milli Liderimiziň tagallasy bilen her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. «Aziýanyň merjen şäheri» adyna mynasyp bolan paýtagtymyzyň her bir künjegi günsaýyn ösýär, özgerýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy esasynda bütinleý diýen ýaly täze binagärlik keşbine eýe bolýan ak mermere bürenen Aşgabat türkmenistanlylar bilen bir hatarda, daşary ýurtly jahankeşdeleri hem haýran galdyrýar.

Aşgabat diňe bir özboluşly binagärlik däl, eýsem, ekologiýa taýdan hem ösen şäherdir. Paýtagtymyzda her ýylda müňlerçe miweli we saýaly agaç nahallarynyň oturdylmagynyň netijesinde gür tokaýlar ýetişdirilýär. Merjen şäherimiziň içinden eriş-argaç bolup geçýän, göni hem owadan şaýollaryň, giň köçeleriň, olaryň iki tarapyna düzülen ak mermerli belent ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk, ylym-bilim desgalarynyň, olara bezeg berýän ýaşyl zolaklaryň, ajaýyp seýilgähleriň täsinligi, özboluşly görkanalygy kalbyňy heýjana getirýär.

Hurmagül ÝULDAŞEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.