Düzgünler berjaý edilmelidir

19 Aprel 2021
831

Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek — diňe sürüjileriň däl-de, eýsem, pyýadalaryň hem borjy. Pyýada bol ýa-da ulagda, tapawudy ýok, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmelidigini, ýol hereketine gatnaşyjylaryň biri-birine hormat goýmalydygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Käwagtlar uly ýaşly adamlaryň ýol hereketiniň kadalaryny äsgermezçilik edýändikleriniň şaýatlary bolýarys. Bu, birinjiden, ýaş nesle görkezilýän ýaramaz göreldedir. Ikinjiden, şeýle hereketler ýol hereketiniň sazlaşygyny bozmak bilen bir hatarda düzgüni bozýanyň ömrüne hem howp salýar. Pyýadalar geçelgeleriň bar ýerinden yşykly sazlaýjylaryň rugsat berýän yşygy ýanandan soň köçeleri kesip geçmelidirler. Olaryň ýok ýerinde ilki bilen çep tarapyňa seredip, hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyna göz ýetirenden soň ýöräp başlamalydygyny, köçäniň ortasyna barandan soň bolsa sag tarapdan hem ulaglaryň gelmeýändigini görüp, hereketi dowam etmelidigini ýatladýarys. Ulaglardan düşülenden soň ýoluň beýleki tarapyna ulagyň diňe yz tarapyndan geçmeli.

Biziň hünärmenlerimiz ýylyň dowamynda bu düzgünleri düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Şonda ýoluň ugrunda hereket edenlerinde, köçeleri kesip geçenlerinde, ähli kadalary doly berjaý etmelidiklerini we hüşgärligi elden bermeli däldiklerini hem ýatladýarys.

Gahryman ÝOLLYÝEW,
Çärjew etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.