Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri: we­zi­pe­ler we borç­lar

19 Aprel 2021
1102

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan aýawly we rejeli peýdalanmak, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýagny, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. XX-ХХI asyrlaryň sepgidinde howanyň ählumumy üýtgemegi häzirki zamanyň beýleki ekologiýa meseleleri bilen bir hatarda wajyp mesele bolup durýar. Biziň döwletimizde bu ýagdaýa durnukly ykdysady ösüş we ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmekde mümkin boljak düýpli päsgelçilik hökmünde garalýar. Häzirki wagtda köp döwletlerde elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagy we täze görnüşli elektrik beketleriniň hereket etmegi bilen, atmosfera zyňylýan gazlaryň möçberi artýar. Durnukly ösüş üçin bu babatdaky meseleleriň wajypdygy göz öňünde tutulmak bilen, 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny (HÜTMS) kabul etmek babatda Karar kabul edildi. 2015-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Durnukly ösüş boýunça geçiren sammitinde döwlet Baştutanlary tarapyndan 2030-njy ýyla çenli ösüşiň ählumumy maksatnamasyny kesgitlejek Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) sanawyny öz içine alýan täze Gün tertibi kabul edildi. Durnukly ösüş maksatlary 17 sany bolup, olar 169 wezipäni özünde jemleýär.

Halkara derejede Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi howanyň üýtgemegi boýunça täze ylalaşygy işläp taýýarlamak babatda halkara gepleşikleri çaltlaşdyrmaga işjeň täsir etdi. Pariž Ylalaşygy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 21-nji maslahatynyň netijeleri boýunça 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edildi. Howanyň ählumumy üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilen bu ylalaşyk iri şertnama bolup, ol 2016-njy ýylyň 4-nji noýabrynda güýje girdi. Konwensiýa goşulyşan ähli taraplar zyňyndy gazlary azaltmak boýunça öz üstüne meýletin borçnama aldylar hem-de pes uglerodly ösüşi saýlandyklaryny mälim etdiler. Türkmenistan Howa boýunça Pariž Ylalaşygyny bu resminamanyň güýje girmezinden biraz öň, ýagny 21-nji oktýabrda ykrar etdi. 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. Mundan başga-da, «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi.

Nerçe ÖWLÜÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni.