Türkmen demokratiýasynyň kämillik ýoly

18 Aprel 2021
779

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet ähmiýetli syýasy çäreleriň hatarynda paýtagtymyzda dabaraly açylan Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi hem bar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň döredilmegi eziz Watanymyzyň taryhynda täze bir ähmiýetli sahypa bolup, döwrebap ösüşleriň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan demokratik tejribesiniň we ýörelgeleriniň esasynda kämilleşýändiginiň ýene bir görkezijisine öwrüler. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilmegi bilen, döwlet häkimiýetini amala aşyrýan we ýerli döwlet edaralarynda hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynda wekilçilik etjek, halkyň arasynda uly abraýa eýe bolan adamlary öňe çykaryp, il-ýurt ähmiýetli işleri amal etmek üçin zerur bolan binýatlaýyn esaslary berkitmekde täze tapgyra badalga berer. Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň saýlanylmagy bolsa, täze özgertmeleriň, ösüşleriň gözbaşynda duran, halkymyzy birleşdirýän we belent maksatlara ugrukdyrýan milli Liderimize bolan synmaz ynamyň ykrarnamasy boldy.

Geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, ýurtda kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan täze wekilçilikli edara döredildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşi iki palatadan ybarat bolup, olaryň biri Halk Maslahaty, ýene biri hem Mejlisdir. Şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirildi. Halk Maslahatynyň düzümine her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz adam gizlin ses bermek arkaly ýerli halk maslahatlarynyň mejlislerinde saýlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen hem sekiz agza bellendi. Mejlisiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary saýlanyldy, Halk Maslahatynyň durmuşa geçirmeli işleri bilen baglylykda, onuň düzüminde bäş komitet döredilip, bu komitetleriň başlyklary we olaryň orunbasarlary saýlanyldy. Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň öňünde duran wezipeler hakynda çuňňur we esaslaýyn çykyşy jemgyýetimizde uly ruhubelentlik, täze joşgun we täzelenişe, kämillige tarap ýolumyzyň dowamat-dowamdygyna bolan synmaz ynam duýgularyny döretdi.

Ogulbagt ÇOPANOWA,
«Ahal durmuşy».