Ösüşli döwrüň talaby

19 Aprel 2021
819

Demokratik, hukuk döwleti bolan Garaşsyz Türkmenistanymyz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli menzilleri külterleýär. Türkmen halky hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly wakalaryny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär. Ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunçylygy Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaç almagyna itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekde kazyýet edaralarynyň işgärleri ähli tagallalary edýärler. Şunda Garaşsyz döwletimiziň kanunlarynyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, adyl kazyýetliligiň hilini döwrüň talabyna laýyk ýokarlandyrmak, onuň açyklygyny we aýanlygyny gazanmak, biz, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň derwaýys wezipeleri bolup durýar. Bu möhüm ugurda alnyp barylýan işleriň milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatynyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalarda özüniň beýanyny tapýandygy guwandyrýar.