Ählihalk ýowarynda

19 Aprel 2021
674

Guramaçylykly geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň guwançly günleri ýeňişlere beslenýär. Häzirki wagtda türkmen halky taryhy wakalaryň — ak mermerli şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140, Beýik Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň uly toýlaryna taýýarlyk görýär. Şanly ýylymyzyň buýsançly senelerini mynasyp garşylamak bolsa il-günümiziň asylly däbidir.