"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Oba hojalygynyň ösüşi - abadançylygyň hem-de bolçulygyň kepili

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän bu giň möçberli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan türkmen daýhany ene ýere maňlaý derini, päk zähmetini siňdirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Daýhanlarymyzyň yhlasy, türkmeniň çogly güneşiniň gudraty bilen galla meýdanlarymyzda guşgursak ak bugdaýyň, pagta meýdanlarymyzda bereketli ak altynyň, miwe we bakja önümleriniň gözüňi dokundyrýan hasyly ýetişdirilýär. Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu pudakda işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna,

Asylly kärden adyganlar

Ýakynda, has takygy, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maldarçylyk pudagy barada söz açmak bilen, möhüm resminama gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi döredildi. Indi maldarçylygy ylmy esasda içgin öwrenip, öňdebaryjy tejribä daýanmak bilen, ony döwrüň talabyna görä ösdürmek bu birleşigiň esasy wezipesi bolup durýar. Bu pudak bilen içgin gyzyklanyp durýan Gahryman Arkadagymyz her ýyl gyş paslynda maldarlaryň arasynda bolup, olaryň hal-ýagdaýlary, mallaryň önüm berşi, baş sanynyň artyşy bilen gyzyklanýar. Şeýlelikde, Milli Liderimiz bize Watanyňy söýmegiň, oňa guwanmagyň hakyky nusgasyny görkezýär. Uç-gyraksyz Garagum sährasy, onuň zer öwüşginli, gyrkylyk yzly çägelikleri we onda gizlenip ýatan nebitdir gazyň ummasyz uly gorlary — bularyň ählisi Watanymyzyň baýlyklary hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz her gezek maldarlaryň arasyna gelende bular barada söz açmak bilen, çopan-çoluklara ata-babalarymyzyň dowardarçylygy ösdürmekde döreden milli ýörelgeleri, ulanan usullary barada diýseň täsirli gürrüňler berýär. Milli Liderimiz 2022-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Lebap welaýatyna iş sapary wagtynda Saýat etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykowyň çopan goşunda bolupdy. Şonda «Düýe maly —

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

BOL HASYL UGRUNDA ALADALANYP Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary ýylyň-ýylyna bugdaýyň, gowaçanyň, gant şugundyrynyň şeýle hem gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirýärler. Olar häzirki günlerde 664 gektar ýerde ekilen bugdaýyň idegini ýetirýärler. Ösüş suwuny tutmak, iýmitlendirmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä alyp barýarlar. Hojalykda haýsy daýhanyň kärende ýerine baryp, synlanyňda-da ak ekiniň ideginiň ýetýändigini görýärsiň. Kadaly gögerip, birkemsiz özüni tutup, boý alýan ýaşyl maýsalar bol hasylyň buşlukçysy bolup görünýär. Esasan-da, kärendeçiler Enegül Babaýewanyň, Çary Gurbanowyň, Orazgeldi Saparowyň bugdaýlary gowy boý alyp, göreniň göwnüni göterýär. Bu kärendeçiler her ýyl hem guwandyryjy netijeleri gazanmagy başarýarlar.

Göwnejaý işleriň guwandyryjy netijesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ileri tutulýan pudaklaryň hatarynda dokma senagaty hem ýokary depginler bilen ösüp, öňegidişliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň pudaga berýän uly ünsüniň, çäksiz goldawlarynyň netijesinde gazanylýan üstünlikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Belli bolşy ýaly, Türkmenistan dürli görnüşli senagat, oba hojalyk önümlerini diňe bir öndürýän däl, eýsem olary gaýtadan işläp, içerki we daşarky bazarlara çykarýan ýurtlaryň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda şeýle ýokary hilli önümlere dünýäniň çar künjeginde uly isleg bildirilýär.

Ideg güýçli depginde

Şu ýyl ene toprakdan bereketli galla hasylyny öndürmegi maksat edinen Boldumsaz etrabynyň «Gökçäge» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary häzirki günleriň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanmaga çalşyp, bugdaýyň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Olar geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzünde 1250 gektardan gowrak meýdana tohum taşlap, kadaly gögerişi gazanylan bugdaýy özleriniň agzybirlikli zähmeti bilen gurşap, ekini ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge gönükdirilen çäreleri talabalaýyk berjaý edýärler. Daýhan birleşiginde kärendeçi daýhanlaryň 420-den gowragy gallaçylyk bilen meşgullanýar. Şonda olaryň esasy böleginiň bu ugurdan köp ýyllyk tejribesiniň bolmagy ýokary netijeleri gazanmaklaryna mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini gallaçylaryň onlarçasynyň geçen ýylda ýeten belent sepgitleri-de tassyklaýar. Olaryň häzirki döwürde özlerine berkidilen meýdanlarda amala aşyrýan işleri munuň şu ýylda-da şeýle boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Tehnikalar taýýar edildi

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak hem-de ony guramaçylykly geçirmek babatda berýän möhüm tabşyryklaryndan ugur alyp, Görogly etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçi-hünärmenleri öňdäki ekiş döwründe ulanyljak tehnikalary, olaryň iş gurallaryny gözden geçirmek, kemçiliklerini düzedip, birkemsiz abatlamak boýunça esasy çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Şonuň netijesinde, kärhanada sürüm, bejergi traktorlarynyň 100-e golaýy, gowaça ekijileriň 45-si, borona-malalaryň 1680-den gowragy, çizelleriň 29-sy ekin meýdanlaryna çykarylmaga doly taýýar edildi. Bu işde kärhananyň abatlaýjy ussalarynyň, mehanizatorlarynyň ençemesi yhlasly zähmetleri bilen has tapawutlandylar. Häzirki wagtda gowaça ekişine gatnaşjak mehanizatorlaryň, ekiş möwsüminde ýardam berjek ulag sürüjileriniň, ussalaryň arasynda tehniki, ýangyn howpsuzlygynyň, ýol-hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça düşündiriş-görkezme çäreleri guralýar.

Bir etrapdan iki habar

Pomidoryň bereketli hasyly ýetişdirilýär Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhanalar toplumynyň işçileri her bir iş gününi netijeli geçirmek bilen, zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezýärler. Ýyladyşhanalar toplumy 2018-nji ýylyň aprelinde ýurdumyzyň ilatyny ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri bilen üpjün etmek, iş orunlaryny döretmek maksady bilen ulanmaga berildi. 10 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada 4 bölüm hereket edýär. Ýyladyşhanalar toplumynda pomidor ösdürip ýetişdirmek ýola goýlan. Häzirki wagtda bu ýerde işçi-hünärmenleriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň aglabasy bolsa gyz-gelinlerdir.

Ideg işleri göwnejaý guralanda...

Akdepe etrabynyň Ylmy-barlag önümçilik synag hojalygyna degişli bolan bagda köpugurly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Hojalygyň garamagynda 100 gektara golaý bag bolup, onda her ýyl almanyň, garalynyň, şetdalynyň, erigiň we beýleki dürli miweli baglaryň bereketli, bol hasyly ýygnalýar. Bulardan başga-da, her ýyl bu ýerde täze baglaryň düýbi tutulyp, olaryň meýdany artdyrylýar. Bu hojalykda pile önümçiligi hem alnyp barylýar. Munuň üçin 1 gektardan gowrak meýdana ekilen tut agaçlaryna ideg edilýär. Ylmy-barlag önümçilik synag hojalygyna degişli bolan bu bagda indi ençeme ýyldan bäri işleýän, bagbançylygy kesp-kär edinen, bu ugurda baý iş tejribe toplan bagbanlar barmak büküp sanardan köp. Aşyrbaý Bäşimow, Nöker Öräýew, Baýramgül Weliýewa we Mekan Suhanow şeýle bagbanlaryň hatarynda tanalyp, olar özlerine bölünip berlen kärende ýerlerinde her ýyl dürli miweleriň bereketli hasylyny alýarlar.

Tehnikalar möwsüme taýýar

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikler we ýeňillikler döredilýär. Kuwwatly tehnikalaryň, kämil oba hojalyk gurallarynyň satyn alynmagy, mineral dökünleriň, tohumyň, suwuň elýeter hem-de bökdençsiz üpjün edilmegi ekişe taýýarlykdan başlap, tä hasyl ýygnalmagyna çenli giň mümkinçilik berýär.

Çopanlara ýakyndan ýardam berilýär

Türkmen sährasyna seýrana çyksaň, belentli-pesli baýyrlarymyzyň gözelligi görenleriň göwnüni göterýär. Bu ýerde ilatly nokatlardan uzakda ýerleşýän öri meýdanlarda çopanlarymyz dowar we gara mallary bakyp, et-süýt önümleriniň ýokary hilli bolmagy üçin tutanýerli zähmet çekýärler, azyk bolçulygyna saldamly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygy häzirki dowam edýän gyş paslynda Pendi ýaýlasynda mallara ideg edýän çopanlarymyza ýakyndan ýardam berýär. Şeýle bolansoň, çopanlaryň dowarlary we mallary ýyly we dok gyşlatmakda alyp barýan guramaçylyk işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Etrap boýunça jemi 169 müň 172 baş mal bolup, şu ýyl ene goýunlardan 93 müň 535 sany guzy almak göz öňünde tutulýar.

Pagtaçylyk pudagy: hasyl tohuma bagly

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil çözgütlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň oba hojalygynyň pagtaçylyk pudagyny, şol sanda onuň tohumçylyk ulgamyny ösdürmek we ony ygtybarly ýola goýmak babatda taýsyz tagallalar edilýär. Edebi çeşmelerden we amal edilýän tohumçylyk işlerinden belli bolşy ýaly, gowaça sortlaryna mahsus bolan hojalyk ähmiýeti alamatlary uzak ýyllaryň dowamynda saklamak üçin tohumçylyk işlerini ylmy esasda ýokary derejede alyp barmak döwrüň talabydyr. Munuň üçin sortuň birmeňzeşligini we agrohojalyk alamatlarynyň görkezijilerini häsiýetnama laýyklykda saklamak möhümdir. Şonuň ýaly-da, önümçilige ornaşdyrylan gowaça sortlarynyň tohumçylyk işi ylmy esasda dogry alnyp barylmasa, ol sort önümçilikde uzak saklanmaýar. Netijeliligi pes bolýar. Munuň şeýledigini biziň alymlarymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy-barlag we tejribe işleri görkezdi. Gowaçanyň gülleýän döwründe maşgalalaryň we ösümlikleriň birmeňzeşligi sortuň häsiýetnamasyna laýyklykda meýdan gözegçilik işinde seredilýär.

Darynyň söki, talhany, On iki synanyň galkany

Daýhançylygy kesp-kär edinen pederlerimiz «Serçeden gorkan dary ekmez» diýen nakyla batyrgaýlyk bilen çemeleşip, iň ownuk däneli ekin bolan daryny ekip, ondan bol hasyl almagyň ussatlary bolupdyr. Il içinde juda seýrek gelýän gadyrly myhmanyň aýagynyň aşagyna «dary sepjek» diýilmegi hem onuň şol öýe ýygy-ýygydan gelinmegi islenip aýdylýan jümle. Şunuň özi hem bu ekiniň örän arzyly ekindigine güwä geçýär.

Göwünlerimizi galkyndyrdy

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek, täzeçe iş usullaryny önümçilige ornaşdyrmak, pudagy ösdürmegiň ygtybarly ösüşini has-da belent derejelere götermek, daýhanlary höweslendirmek maksady bilen möhüm resminamalara gol çekdi. Şoňa laýyklykda, pagtanyň we gallanyň döwlet satyn alyş bahalary hem ýokarlandyryldy. Munuň özi biz — oba hojalyk işgärlerinde gyzgyn goldaw tapdy. Oba hojalygynda meýdan işlerini öz wagtynda agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin, elbetde, degişli pudaklardan daýhanyň dökün, suw, tehnika bilen doly derejede, öz wagtynda üpjün edilmegi möhüm bolup durýar. Şoňa görä-de, nobatdaky resminamalaryň bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň oňyn ähmiýeti bar.

Bir etrapdan iki habar

Ýaşyl maýsalaryň idegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daýhanlaryň öndürjilikli zähmet çekmekleri, ene toprakdan bol hasyl almaklary üçin oňaýly şertleriň döredilmegi netijesinde daşary ýurtlardan kuwwatly tehnikalar, olaryň iş gurallary satyn alnyp, degişli kärhanalara berkidilýär, dökün, suw, tohum we beýleki serişdeler baradaky meseleler ygtybarly çözülýär. Bu bolsa daýhanlaryň zerurlyklarynyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.

Ekerançylaryň yhlasly zähmeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda bugdaý, gowaça bilen bir hatada, gök-bakja ekinleriniň köp ekilip, olardan bereketli hasylyň öndürilmegine gönükdirlen işler barha giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi halkymyzyň gündelik sarp edilýän gök, bakja önümleri bilen ygtybarly üpjün edilmegine, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda gazanylýan şeýle guwandyryjy netijeler ekerançylarymyzyň çekýän agzybirlikli zähmetleriniň miwesidir. Bu babatda welaýatymyzyň Akdepe etrabynyň kärendeçi daýhanlarynyň alyp barýan işleri-de örän guwandyryjydyr. Olar her ýyl ýeralmanyň, pomidoryň, kelemiň we beýleki önümleriň bereketli hasylyny ýetişdirip, halkymyzyň saçagyna ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.

Daýhan baýasa, ýurt baýar

9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler baradaky maglumatlary diňläp, buýsançly başymyz gök diredi. Çünki olaryň ählisi halkymyzyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşy bilen baglanyşykly. Ýöne esasy ünsümizi çeken zat rysgal-döwletimiziň binýady däneçilik we pagtaçylyk pudaklary bilen bagly gürrüňlerdir kabul edilen taryhy çözgütler boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öň hem pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyna garaljakdygyny aýdypdy. Bu habara tüýs ýürekden begenipdik. Bu habar täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga girişen daýhanlaryň süňňüni ýeňledip, biline-bilegine kuwwat beripdi. Ýöne nyrhlar beýle derejede ýokarlanar öýdüp hyýalam etmändim. Kärdeşlerimiz bilen telefonda birek-biregi gutlaşsagam, ýüzbe-ýüz bolsagam, şeýle begençli gürrüňleri eşidýäris. Beýik Biribar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürlerine bereket, işlerine rowaçlyk bersin!

Azyk bolçulygyna goşant

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Uly ynam» daýhan hojalygy Daşoguz welaýatynyň agrosenagat önümçiliginiň dürli ugurlarynda üstünlikli işleýär, döwrüň ösen isleglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürip, azyk bolçulygyny üpjün etmäge önjeýli goşant goşýar. Ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän bu köpugurly hojalygyň Köneürgenç etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginde ýerleşýän maldarçylyk toplumynda mallara talabalaýyk ideg etmek, ekologik taýdan arassa hem ýokumly ot-iým bolçulygyny döretmek, et we süýt önümçiliginiň möçberini artdyrmak boýunça ähli işler ylmy esasda, iň täze usullar bilen alnyp barylýar. Bu ýerde gara mallardan aýda 15 tonnadan gowrak süýt alynýar. Simmental tohumly bu mallaryň süýdi özboluşly tagamy, ýaglylygy bilen tapawutlanýar. Taýýarlanan süýdüň esasy bölegi etrabyň ösümlik ýag kärhanasynyň süýt önümlerini öndürýän bölümine, şeýle-de konditer ugurly önümçilik bilen meşgullanýan telekeçilere ugradylýar. Häzirki wagtda maldarçylyk toplumynyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak hem-de gerimini giňeltmek maksady bilen, etrabyň çäginde sowadyjy ammarly soýumhana toplumyny işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Yhlasly zähmet — bol hasylyň kepili

Daýhançylyk bilen bagry badaşan adam islendik ýaşda-da elinden iş guralyny goýmaýar. Olaryň aýtmaklaryna görä, dynç alyp oturanyňdakydan işläp ýören mahalyň alýan lezzetiň has üýtgeşik bolýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Ýusup Bäşimow hem şeýle adamlaryň biri. Ol ýaşynyň segsene ser urandygyna garamazdan, häzir hem pilini elinden düşürmeýär. Şu günler bolsa Ýusup aga gyş möwsüminiň aladalary bilen gümra. — Daýhan hojalygynda 11 gektar üzüm meýdany bolup, olarda hatararalaryny sürmek işleri alnyp barylýar. Bu bolsa agajyň köküniň oňat dem almagy, haşal otlardan arassalanmagy, hasylyň bol bolmagy üçin möhümdir. Bu işi kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen bökdençsiz amala aşyryp bolýar. Mundan başga-da, üzümleri gyrkmak işlerini hem talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Özem bu iş ýerine ýetirilende, çybyklar çem gelen ýerinden gyrkylmaýar, bagbançylygyň öz usullary bilen hereket etmeli.

Ak ekine ideg edilýär

Kaka etrabynyň gallaçylary şu günler ak ekini yhlas-alada bilen gurşaýarlar. Üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektarda däne ýetişdirýän etrabymyzyň gallaçy daýhanlary ekiniň ideg işlerinde agrotehnikanyň talaplaryna berk eýerýärler. Ideg işleriniň her biriniň wagtynda ýerine ýetilmegine aýratyn üns gönükdirilýär. Bu bolsa ýaşajyk maýsalaryň günsaýyn boý almagyna itergi berýär. Etrabymyzyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniňdir hojalyklarynyň tehnikalary ideg işlerinde giňden ulanylýar. Öz işine ökde mehanizatorlar bolsa şol tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edip, dänäniň bol hasylynyň ýetişdirilmegine goşant goşýarlar.

Tehnikalar ekişe taýýar

Şu günler welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda gowaça ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär. Bu möhüm işde ulanyljak tehnikalaryň guratlygy doly gözden geçirilýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň hünärmenleri daýhan birleşikleriniň inženerlerine, mehaniklerine we mehanizatorlaryna bu ugurdan ýakyndan ýardam berýärler. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginden alnan maglumatlara görä, bu çäreleri ýokary hilli geçirmek üçin gerekli gurallaryň hemmesi: geriş çekijiler, boronalar, çizeller, ýer tekizleýjiler abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýlupdyr. Bu işe etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň, hojalyklaryň merkezleşdirilen ussahanalarynyň hünärmenleri hem saldamly goşant goşupdyrlar. Netijede, dişli boronalaryň we malalaryň 7 müň 200-den gowragy, azallaryň 510-a ýakyny işe taýýar edilipdir. Çizeller, motygalar, çuň ýumşadyjylar we beýleki gurallar hem doly abatlanylypdyr. Bu bolsa gowaça ekişiniň wagtynda we agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçiriljekdigine ynam döredýär.