Göwünlerimizi galkyndyrdy

13 Fewral 2024
614

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek, täzeçe iş usullaryny önümçilige ornaşdyrmak, pudagy ösdürmegiň ygtybarly ösüşini has-da belent derejelere götermek, daýhanlary höweslendirmek maksady bilen möhüm resminamalara gol çekdi. Şoňa laýyklykda, pagtanyň we gallanyň döwlet satyn alyş bahalary hem ýokarlandyryldy. Munuň özi biz — oba hojalyk işgärlerinde gyzgyn goldaw tapdy.

Oba hojalygynda meýdan işlerini öz wagtynda agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin, elbetde, degişli pudaklardan daýhanyň dökün, suw, tehnika bilen doly derejede, öz wagtynda üpjün edilmegi möhüm bolup durýar. Şoňa görä-de, nobatdaky resminamalaryň bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň oňyn ähmiýeti bar.