Azyk bolçulygyna goşant

12 Fewral 2024
932

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Uly ynam» daýhan hojalygy Daşoguz welaýatynyň agrosenagat önümçiliginiň dürli ugurlarynda üstünlikli işleýär, döwrüň ösen isleglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürip, azyk bolçulygyny üpjün etmäge önjeýli goşant goşýar.

Ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän bu köpugurly hojalygyň Köneürgenç etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginde ýerleşýän maldarçylyk toplumynda mallara talabalaýyk ideg etmek, ekologik taýdan arassa hem ýokumly ot-iým bolçulygyny döretmek, et we süýt önümçiliginiň möçberini artdyrmak boýunça ähli işler ylmy esasda, iň täze usullar bilen alnyp barylýar. Bu ýerde gara mallardan aýda 15 tonnadan gowrak süýt alynýar. Simmental tohumly bu mallaryň süýdi özboluşly tagamy, ýaglylygy bilen tapawutlanýar. Taýýarlanan süýdüň esasy bölegi etrabyň ösümlik ýag kärhanasynyň süýt önümlerini öndürýän bölümine, şeýle-de konditer ugurly önümçilik bilen meşgullanýan telekeçilere ugradylýar. Häzirki wagtda maldarçylyk toplumynyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak hem-de gerimini giňeltmek maksady bilen, etrabyň çäginde sowadyjy ammarly soýumhana toplumyny işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».