Ideg güýçli depginde

14 Fewral 2024
453

Şu ýyl ene toprakdan bereketli galla hasylyny öndürmegi maksat edinen Boldumsaz etrabynyň «Gökçäge» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary häzirki günleriň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanmaga çalşyp, bugdaýyň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Olar geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzünde 1250 gektardan gowrak meýdana tohum taşlap, kadaly gögerişi gazanylan bugdaýy özleriniň agzybirlikli zähmeti bilen gurşap, ekini ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge gönükdirilen çäreleri talabalaýyk berjaý edýärler. Daýhan birleşiginde kärendeçi daýhanlaryň 420-den gowragy gallaçylyk bilen meşgullanýar. Şonda olaryň esasy böleginiň bu ugurdan köp ýyllyk tejribesiniň bolmagy ýokary netijeleri gazanmaklaryna mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini gallaçylaryň onlarçasynyň geçen ýylda ýeten belent sepgitleri-de tassyklaýar. Olaryň häzirki döwürde özlerine berkidilen meýdanlarda amala aşyrýan işleri munuň şu ýylda-da şeýle boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Ýörite habarçymyz.