Ak ekine ideg edilýär

8 Fewral 2024
778

Kaka etrabynyň gallaçylary şu günler ak ekini yhlas-alada bilen gurşaýarlar. Üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektarda däne ýetişdirýän etrabymyzyň gallaçy daýhanlary ekiniň ideg işlerinde agrotehnikanyň talaplaryna berk eýerýärler.

Ideg işleriniň her biriniň wagtynda ýerine ýetilmegine aýratyn üns gönükdirilýär. Bu bolsa ýaşajyk maýsalaryň günsaýyn boý almagyna itergi berýär. Etrabymyzyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniňdir hojalyklarynyň tehnikalary ideg işlerinde giňden ulanylýar. Öz işine ökde mehanizatorlar bolsa şol tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edip, dänäniň bol hasylynyň ýetişdirilmegine goşant goşýarlar.

Suraý HANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgäri.