Ideg işleri göwnejaý guralanda...

14 Fewral 2024
595

Akdepe etrabynyň Ylmy-barlag önümçilik synag hojalygyna degişli bolan bagda köpugurly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Hojalygyň garamagynda 100 gektara golaý bag bolup, onda her ýyl almanyň, garalynyň, şetdalynyň, erigiň we beýleki dürli miweli baglaryň bereketli, bol hasyly ýygnalýar. Bulardan başga-da, her ýyl bu ýerde täze baglaryň düýbi tutulyp, olaryň meýdany artdyrylýar. Bu hojalykda pile önümçiligi hem alnyp barylýar. Munuň üçin 1 gektardan gowrak meýdana ekilen tut agaçlaryna ideg edilýär.

Ylmy-barlag önümçilik synag hojalygyna degişli bolan bu bagda indi ençeme ýyldan bäri işleýän, bagbançylygy kesp-kär edinen, bu ugurda baý iş tejribe toplan bagbanlar barmak büküp sanardan köp. Aşyrbaý Bäşimow, Nöker Öräýew, Baýramgül Weliýewa we Mekan Suhanow şeýle bagbanlaryň hatarynda tanalyp, olar özlerine bölünip berlen kärende ýerlerinde her ýyl dürli miweleriň bereketli hasylyny alýarlar.

Güljan ORAZOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Akdepe etrap komitetiniň hünärmeni.