Çopanlara ýakyndan ýardam berilýär

13 Fewral 2024
515

Türkmen sährasyna seýrana çyksaň, belentli-pesli baýyrlarymyzyň gözelligi görenleriň göwnüni göterýär. Bu ýerde ilatly nokatlardan uzakda ýerleşýän öri meýdanlarda çopanlarymyz dowar we gara mallary bakyp, et-süýt önümleriniň ýokary hilli bolmagy üçin tutanýerli zähmet çekýärler, azyk bolçulygyna saldamly goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygy häzirki dowam edýän gyş paslynda Pendi ýaýlasynda mallara ideg edýän çopanlarymyza ýakyndan ýardam berýär. Şeýle bolansoň, çopanlaryň dowarlary we mallary ýyly we dok gyşlatmakda alyp barýan guramaçylyk işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Etrap boýunça jemi 169 müň 172 baş mal bolup, şu ýyl ene goýunlardan 93 müň 535 sany guzy almak göz öňünde tutulýar.

Ýazdurdy ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy.