"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sagdynlygyň sakasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsan saglygy hakdaky aladany döwlet syýasatynyň baş ugry hökmünde durmuşa geçirýär. Şunda sagdynlygyň sakasy hasaplanýan sporta aýratyn ähmiýet berilýär. Ony gysga wagtyň dowamynda daş-töweregimizi gurşap alan sport maksatly bina-desgalaryň mysallary hem has aýdyňlygy bilen görkezýär. Şu nukdaýnazardan, jemgyýetimizde sport işjeňligi barha ösýär. Bu esasan-da, ýaşlaryň arasynda aýratyn mana eýedigi bilen tapawutlanýar. Sportuň aýrylmaz bölegi bolup durýan maşklar ýurdumyzyň uludan-kiçi ähli raýatlaryna mahsusdyr. Ony, aýratyn-da, körpeje çagalaryň durmuşyna işjeň ornaşdyrmak olaryň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy görkezijisi bolup durýar. Biz, terbiýeçiler öz işimize çagalaryň sport maşklaryndan soň girişýäris. Bu olarda irki ýaşdan sagdyn durmuş endiklerini terbiýelemek maksadyndan ybaratdyr. Maşklar çagalaryň beden agzalarynyň ukudan oýanmagyna peýdasyny ýetirýändigi, gündelik iýmitlerini sagdyn görnüşde kabul etmegine ýardam berýändigi bilen häsiýetlenýär. Şonuň ýaly-da, olaryň bedeniniň goraglylygyny, myşsalarynyň ösmegini üpjün edýär.

Welosiped sürmegiň peýdasy

Agyz-burun örtügini ulanmagyň düzgünleri

Sarymsak

Sarymsak sözi latyn dilindäki «allium» sözünden bolup, ol ötgür, ýiti diýen manyny aňladýar. Sarymsagy gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ulanyp gelendigini arheologlaryň geçiren gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar aýdyň görkezýär. Ony kesel bejeriji serişde hökmünde-de giňden ulanypdyrlar. Taryhyň atasy hasaplanýan Gerodot müsürlileriň sarymsagy dertlerinden saplanmak üçin ulanýandygyny belläpdir. Gadymy hytaý çeşmelerinde sarymsagyň bahasyz bejeriş serişdedigi, gymmatly ösümlikdigi bellenilipdir. Onuň zäherli jandarlaryň zäherini dep etmekde peýdasynyň uludygy barada ýazylypdyr. Hawa, sarymsak gadymy döwürlerden bäri diňe bir iýmit hökmünde peýdalanylman, eýsem, kesel bejerijilik häsiýetleri üçin dümewde halkymyz tarapyndan giňden ulanylyp gelinýär.

Lukman maslahat berýär

■ Asgyranyňyzda we üsgüreniňizde agzyňyzy elýaglyk bilen ýapyň. Ulanylan elýaglyklary ýuwup, gaýnadyň we ütükläň. Üsgürýän, asgyrýan adamlardan gaça duruň. Aralyk 1 metrden az bolmaly däl. Kesellemegiň öňüni almak üçin arassa agyz suwy we gök önümleri ulanyň! ■ Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelere degişli. Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary köpräk içiň!

Gülki we juwanlyk

Gülki, göwnaçyklyk, şadyýanlyk adam üçin örän peýdalydyr. Käbir ýurtlarda belli keselleri diňe gülki bilen bejerýärler. Eýsem, biz gülen wagtymyzda bedenimizde nämeler bolup geçýär?! 1. Dem alşymyz kadaly we çuň bolýar. Ýagny, demi uzak we çuň alyp, ony çalt goýberýäris. Bu bolsa bedenimizde zyýanly maddalaryň toplanmagyna päsgel berýär.

Ylmy-amaly maslahat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 5-nji aprelinde S.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş Merkeziniň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasy, S.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş Merkeziniň Gulak, burun, bokurdak keselleri bölümi bilen bilelikde gurady. «Otorinolaringologiýadaky özgertmeler, onuň geljegi we meseleleri» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahata lukmançylyk ugrundan professor-mugallymlar, talyplar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. «Bütindünýä Saglyk güni» mynasybetli guralan ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň lukmançylygyny ösen derejelere ýetirmek babatda alnyp barylýan işler, gulak, burun, bokurdak kesellerini bejermekde gazanylan öňegidişlikler barasynda giňişleýin durup geçdiler. Il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýän döwletimizde adam saglygyny goramakda hem dikeltmekde döredilen giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna sagbolsun aýtdylar.

Ene süýdüniň ähmiýeti

Çaganyň dünýä inip, ösüp, bütin ömrüne sagdyn bolmagy üçin ene süýdüniň ähmiýeti örän uludyr. Ene süýdi çaganyň beden we akyl taýdan kadaly ösmegi üçin iň ýokumly serişdedir. Ol çaganyň bedeniniň kesellere garşy durnuklylygyny — immunitetini berkidýär.

Dabaraly maslahat

Golaýda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Baýramaly şäherindäki S. Türkmenbaşy adyndaky şypahanada welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we TAP-nyň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda «Arkadagyň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de TAP-nyň welaýat komitetiniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany Tawus Ataballyýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmenleri Bahar Kakalyýewa, Ogulşirin Seýidowa, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri Ogulnabat Agajanowa, Mary etrap hassahanasynyň lukmany Dünýägözel Hojambaýewa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin tassyklanan meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Agyz-burun örtüginiň ähmiýeti

Ýaz paslynyň gelmegine garamazdan, howanyň düzümindäki himiki maddalaryň kadadan artyk saklanýandygy barada habar beriş serişdeleri häli-şindi habar berýär. Kesel dörediji ýokançlardan, howadaky tozanyň we tozgalaryň dem alyş ýollaryna düşmeginden goranmak üçin iň oňaýly, amatly, zyýansyz serişdäniň biri lukmançylyk agyz-burun örtügidir. Agyz--burun örtükleri ulanylanda, şu aşakdaky tertip-düzgünler berjaý edilse, saglygyňyza zyýan gelmez: - agyz-burun örtügi ulanylmazdan öň doly gözegçilikden geçirilip, zeper ýeten ýeri bolsa, ony ulanmaly däldir. Örtügi dakmazdan öň we soň elleriňizi sabynlap ýuwmagy unutmaň;

Kesbinden kemal tapan

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň saglygyny goramaga uly üns berýär. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde her ýylda döwrebap enjamlaşdyrylyp, dünýä ülňülerine gabat gelýän saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny dikeltmäge we berkitmäge niýetlenen ýokary hilli şypahanalar, sport desgalary hereket edýär. Şäher merkezlerinde we oba ýerlerinde saglyk öýleri halkymyza gije-gündiz hyzmat edýär. Şol saglyk öýlerinde tejribeli lukmanlar, şepagat uýalary zähmet çekýärler. Şeýle saglyk öýleriniň biri-de etrabymyzyň Gökdepe geňeşliginde ýerleşýär. Bu ýerde biregne kyrk ýyla golaý tejribeli lukman Allaýar Bäşimow maşgala lukmany bolup, zähmet çekip gelýär. Lukman hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, her bir raýatyň saglygy ugrunda ýadawsyz alada edýär. Ýüz tutup gelýän raýatlary güler ýüz bilen kabul edip, degerli bejergilerini we maslahatlaryny berýär. Lukmana oba raýatlarynyň alkyşlarynyň yzy üzülmeýär. Her bir adamdan lukman barada öwgüli sözleri eşitmek bolýar. Şeýlelikde, il içinde mertebesiniň neneňsi belentligine göz ýetirýärsiň. — Hormatly Arkadagymyz biz — lukmanlara halypa hem görelde mekdebi bolup dur. Hemişe Arkadagymyzyň lukmançylyk tejribesinden nusga alyp, kärimizi söýüp, yhlasymyzy siňdirip zähmet çekýäris — diýip, Allaýar Bäşimow uly buýsanç bilen aýdýar.

Şatlyk-şowhuna beslenýär

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu gün Bütindünýä saglyk guramasynyň tertipnamasy güýje girizilip, onda ilkinji gezek halkara derejesinde adamyň saglyga bolan hukugy yglan edildi. Şeýlelikde, saglyk gününi her ýyl bellemek 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bu sene Garaşsyz döwletimizde-de giňden bellenilip, welosipedli ýörişler, sport ýaryşlary, köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. “Saglygym — baş baýlygym” diýen ýörelgeden ugur alýan il-günümiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar. Saglyk gününiň şowhunly çäreleri halkymyza ruhubelentlik paýlaýar. TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň işgärleridir işjeň agzalaram şu sene mynasybetli medeni-sport çärelerini guramaçylykly geçirýärler. Olaryň wagyz-nesihat häsiýetli işler bilen utgaşdyrylmagy halkymyza sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýar bolmagyna ýardam edýär.

Oba adamlary hoşal

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy giň gerime eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň saglygyny gowulandyrmak barada edilýän tutumly işleriň mysalydyr. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherdir obalarynda gurlup, ulanylmaga berilýän hassahanalar, dermanhanalar, oba saglyk merkezleri hem barha artýar. Şeýle oba saglyk merkezleriniň biri hem 2013-nji ýylda Tagtabazar etrap hassahanasynyň Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgat berlen Düldülahyr oba saglyk merkezidir. Bu oba saglyk merkezine Ahmet Tüňňiýew ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde iki sany oba saglyk maşgala meýdançasy bolup, 1-nji maşgala meýdançasyna maşgala lukmany Wepamyrat Agajanow, maşgala şepagat uýasy Senem Söýegowa, 2-nji maşgala meýdançasyna Ahmet Tüňňiýew, maşgala şepagat uýasy Nurgözel Ýagmyrowa hyzmat edýärler.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýereliň!

Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda „«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýilýänine eýerilip, ynsan saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýurdumyzda birnäçe hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar hereket edýär. Olarda her bir adam ak ýektaýly lukmanlaryň maslahatlary esasynda bejergi alyp saglygyny berkidýär. Lukmanlar saglygymyzy goramagyň öz elimizdedigini aýdyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigimizi yzygiderli nygtaýarlar. Olar her gün irden beden maşklarynyň ýerine ýetirilmeginiň gan aýlanyşygymyzyň gowulanmagyna, şähdimiziň açyk bolup, özümizi ýeňil duýmagymyza oňaýly täsirini ýetirýändigini aýdýarlar. Şeýle hem kadaly iýmitlenmegiň, gündelik iýmitimizde witaminlere baý bolan gök önümleri kabul etmegiň, ukyny ýeterlik almagyň saglygymyz üçin peýdalydygyny belleýärler.

Ýorunja

Ýorunja — bu kösükliler maşgalasyndan bolup, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Boýy 70-90 santimetr, dünýäde onuň 100-e golaý görnüşleri bar. Halk lukmançylygynda ýorunjany giňden ulanyp gelýärler. Hytaý lukmanlary gan basyşy ýokary näsaglara, maý aýynda ýygnalan ýorunjanyň ak güllerini çaýa garyp, demläp içmegi maslahat berýärler. Bu çaýy bir aýlap içen ýagdaýynda näsagyň gan basyşy kadalaşýar, kellagyrysy aýrylýar. Ondan başga-da halk lukmançylygy ýorunjanyň ýokarky bölegini, ak we gyzyl güllerini, ýokarky ýapraklaryny peşew çykaryjy we der getiriji serişde hökmünde ulanmagy maslahat berýär. Ýorunjanyň demlemeleri we gaýnatmalary, dowamly üsgülewükde, sowuklamada, gyzgynyň galanda peýda berýär. Ýorunja demlemesi ýürek, böwrek keselleriniň, gury agyrynyň çalt aýyrylmagyna gowy täsir edýär. Bu gün halk lukmanlaryň köpüsi ter ýorunjanyň şiresini allergiýa kesellerinde, ekzemada, deriň düwürtiklerinde ulanmagy hem maslahat berýärler. Demlemäniň taýarlanylyşy: 3 çaý çemçe serişdäni bir bulgur (200 milligram) gaýnag suwa demlemeli we bir sagat goýmaly. 50 milligramdan 4 gezek nahardan 20 minut öň içmeli. Aýbölek MELEŞOWA.

Saglyga peýdaly önümler

Bahar aýynyň gelmegi bilen adam bedeniniň witaminli, minerallary saklaýan önümlere talaby has-da artýar. Şonuň üçin köp adamlarda witamin we minerallaryň ýetmezçiligi sebäpli dowamly keselleriň gozgamagy mümkin. Ýaşaýan we işleýän ýerine baglylykda adam bedeniniň iýmit önümlerine bolan talap edijiligi dürlüdir. Adam iýýän iýmitine baglylykda, ýokanç kesellerden we daşky gurşawyň täsirinden goranyp biler. Geliň, “altyn dokuzlyga” giren käbir iýmit önümleriniň adam bedenine edýän täsiri bilen tanşalyň. Bahar aýynyň gelmegi bilen adam bedeniniň witaminli, minerallary saklaýan önümlere talaby has-da artýar. Şonuň üçin köp adamlarda witamin we minerallaryň ýetmezçiligi sebäpli dowamly keselleriň gozgamagy mümkin. Ýaşaýan we işleýän ýerine baglylykda adam bedeniniň iýmit önümlerine bolan talap edijiligi dürlüdir. Adam iýýän iýmitine baglylykda, ýokanç kesellerden we daşky gurşawyň täsirinden goranyp biler. Geliň, “altyn dokuzlyga” giren käbir iýmit önümleriniň adam bedenine edýän täsiri bilen tanşalyň.

Baş maksat — ýokary netijeli hyzmat

Ýakynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy, şeýle hem ýurdumyzyň şypahanalaryna berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklandy. Möhüm ulgamyň hünärmenleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris. Myrat MÄMMEDOW, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri:

Möwsümleýin kesellerden goranyň!

Bahar paslynyň häzirki döwründe daş-töweregiň läle-reýhana bürenmegi adamyň göwnüni joşduryp, keýpini göterýär. Emma, gynansak-da, sepgit döwründe allergiýa ýagdaýlarynyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, howanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi bilen bagly adamlaryň gan basyşynyň durnuksyz bolmagy mümkin. Hut şonuň üçin hem baharda ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, iýmitlenişe, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny (immuniteti) berkitmäge aýratyn üns bermeli. — Witaminlere baý önümleri köpräk iýiň!

Irdenki hereket — saglygyňa bereket

Saglygyň girewi päkizelik we süňňi tämizlikdir. Onuň, hakykatdan hem, şeýledigini biziň hemmämiz bilýäris. Arassaçylyk, päkizelik ilki bilen maşgaladan başlanýar. Çaga terbiýe berlende, kiçiliginden nähili düzgüne endik etdirseň, şol öwredilen gylyk-häsiýet ol ulalanda hem adaty bolmaly düzgün-tertibe öwrülýär. Öýde, ojakda, maşgalada arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, şol düzgünleri perzendiň aňyna guýmak, esasan, öý bikesiniň paýyna düşýär. Şu zatlary aýtmak bilen, ýakynda bolup geçen bir wakany gürrüň bermekçi. Ol gün şeýle başlanypdy. Irdenki tapgyrda 5-nji synpda okaýan körpe oglum Batyr okuwdan gelende begenip geldi. Onuň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatynyň sebäbiniň nämedendigini gyzyklanyp, soragly ýüzlendim:

Saglyk – baş baýlyk

Ýiti respirator keseli diýlip, adamyň ýokarky dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Bu kesel, pasyl çalyşmagynda, baharda, güýzde, umuman, ýylyň ähli möwsüminde ýüze çykyp bilýär. Onuň ilkinji alamatlary burundan dem almagyň kynlaşmagy ýa-da burnuň akmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklykdyr. Raýatlar ýiti respirator keseli bilen kesellände, daş-töwerekdäkilere keseliň, dümewiň geçmezligi, ýokuşmazlygy üçin bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini dyngysyz alyp barmaly, dogry iýmitlenip, bedenterbiýe bilen meşgullanmaly, bedeni hemişe taplamaly we maşklary ýerine ýetirmeli. Şeýle hem çagalaryň, uly adamlaryň köpçülik ýerlerinde oksolin melheminden peýdalanmaklaryny gazanmaly. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keseliň öňüni almak üçin daşaryk çykylanda agyz-burun örtügini dakynmaly we daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý edip, elmydama elleriňi arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.