Möwsümleýin kesellerden goranyň!

4 Aprel 2021
762

Bahar paslynyň häzirki döwründe daş-töweregiň läle-reýhana bürenmegi adamyň göwnüni joşduryp, keýpini göterýär. Emma, gynansak-da, sepgit döwründe allergiýa ýagdaýlarynyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, howanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi bilen bagly adamlaryň gan basyşynyň durnuksyz bolmagy mümkin. Hut şonuň üçin hem baharda ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, iýmitlenişe, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny (immuniteti) berkitmäge aýratyn üns bermeli.

— Witaminlere baý önümleri köpräk iýiň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.