Ylmy-amaly maslahat

5 Aprel 2021
898

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 5-nji aprelinde S.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş Merkeziniň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasy, S.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş Merkeziniň Gulak, burun, bokurdak keselleri bölümi bilen bilelikde gurady. «Otorinolaringologiýadaky özgertmeler, onuň geljegi we meseleleri» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahata lukmançylyk ugrundan professor-mugallymlar, talyplar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

«Bütindünýä Saglyk güni» mynasybetli guralan ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň lukmançylygyny ösen derejelere ýetirmek babatda alnyp barylýan işler, gulak, burun, bokurdak kesellerini bejermekde gazanylan öňegidişlikler barasynda giňişleýin durup geçdiler. Il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýän döwletimizde adam saglygyny goramakda hem dikeltmekde döredilen giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna sagbolsun aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.