Irdenki hereket — saglygyňa bereket

4 Aprel 2021
854

Saglygyň girewi päkizelik we süňňi tämizlikdir. Onuň, hakykatdan hem, şeýledigini biziň hemmämiz bilýäris. Arassaçylyk, päkizelik ilki bilen maşgaladan başlanýar. Çaga terbiýe berlende, kiçiliginden nähili düzgüne endik etdirseň, şol öwredilen gylyk-häsiýet ol ulalanda hem adaty bolmaly düzgün-tertibe öwrülýär. Öýde, ojakda, maşgalada arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, şol düzgünleri perzendiň aňyna guýmak, esasan, öý bikesiniň paýyna düşýär.

Şu zatlary aýtmak bilen, ýakynda bolup geçen bir wakany gürrüň bermekçi. Ol gün şeýle başlanypdy. Irdenki tapgyrda 5-nji synpda okaýan körpe oglum Batyr okuwdan gelende begenip geldi. Onuň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatynyň sebäbiniň nämedendigini gyzyklanyp, soragly ýüzlendim:

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».