Saglyk – baş baýlyk

4 Aprel 2021
1075

Ýiti respirator keseli diýlip, adamyň ýokarky dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Bu kesel, pasyl çalyşmagynda, baharda, güýzde, umuman, ýylyň ähli möwsüminde ýüze çykyp bilýär. Onuň ilkinji alamatlary burundan dem almagyň kynlaşmagy ýa-da burnuň akmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklykdyr. Raýatlar ýiti respirator keseli bilen kesellände, daş-töwerekdäkilere keseliň, dümewiň geçmezligi, ýokuşmazlygy üçin bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini dyngysyz alyp barmaly, dogry iýmitlenip, bedenterbiýe bilen meşgullanmaly, bedeni hemişe taplamaly we maşklary ýerine ýetirmeli.

Şeýle hem çagalaryň, uly adamlaryň köpçülik ýerlerinde oksolin melheminden peýdalanmaklaryny gazanmaly. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keseliň öňüni almak üçin daşaryk çykylanda agyz-burun örtügini dakynmaly we daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý edip, elmydama elleriňi arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Aýsoltan ÝAGMYROWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji Saglyk öýüniň baş lukmany.