Sagdynlygyň sakasy

5 Aprel 2021
798

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsan saglygy hakdaky aladany döwlet syýasatynyň baş ugry hökmünde durmuşa geçirýär. Şunda sagdynlygyň sakasy hasaplanýan sporta aýratyn ähmiýet berilýär. Ony gysga wagtyň dowamynda daş-töweregimizi gurşap alan sport maksatly bina-desgalaryň mysallary hem has aýdyňlygy bilen görkezýär. Şu nukdaýnazardan, jemgyýetimizde sport işjeňligi barha ösýär. Bu esasan-da, ýaşlaryň arasynda aýratyn mana eýedigi bilen tapawutlanýar. Sportuň aýrylmaz bölegi bolup durýan maşklar ýurdumyzyň uludan-kiçi ähli raýatlaryna mahsusdyr. Ony, aýratyn-da, körpeje çagalaryň durmuşyna işjeň ornaşdyrmak olaryň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy görkezijisi bolup durýar.

Biz, terbiýeçiler öz işimize çagalaryň sport maşklaryndan soň girişýäris. Bu olarda irki ýaşdan sagdyn durmuş endiklerini terbiýelemek maksadyndan ybaratdyr. Maşklar çagalaryň beden agzalarynyň ukudan oýanmagyna peýdasyny ýetirýändigi, gündelik iýmitlerini sagdyn görnüşde kabul etmegine ýardam berýändigi bilen häsiýetlenýär. Şonuň ýaly-da, olaryň bedeniniň goraglylygyny, myşsalarynyň ösmegini üpjün edýär.

Ogulgurban HOJANYÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.