Sarymsak

5 Aprel 2021
1004

Sarymsak sözi latyn dilindäki «allium» sözünden bolup, ol ötgür, ýiti diýen manyny aňladýar. Sarymsagy gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ulanyp gelendigini arheologlaryň geçiren gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar aýdyň görkezýär. Ony kesel bejeriji serişde hökmünde-de giňden ulanypdyrlar. Taryhyň atasy hasaplanýan Gerodot müsürlileriň sarymsagy dertlerinden saplanmak üçin ulanýandygyny belläpdir. Gadymy hytaý çeşmelerinde sarymsagyň bahasyz bejeriş serişdedigi, gymmatly ösümlikdigi bellenilipdir. Onuň zäherli jandarlaryň zäherini dep etmekde peýdasynyň uludygy barada ýazylypdyr.

Hawa, sarymsak gadymy döwürlerden bäri diňe bir iýmit hökmünde peýdalanylman, eýsem, kesel bejerijilik häsiýetleri üçin dümewde halkymyz tarapyndan giňden ulanylyp gelinýär.

Taýýarlan Gurbangül DURDYÝEWA,
talyp.