Ýorunja

5 Aprel 2021
2059

Ýorunja — bu kösükliler maşgalasyndan bolup, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Boýy 70-90 santimetr, dünýäde onuň 100-e golaý görnüşleri bar. Halk lukmançylygynda ýorunjany giňden ulanyp gelýärler. Hytaý lukmanlary gan basyşy ýokary näsaglara, maý aýynda ýygnalan ýorunjanyň ak güllerini çaýa garyp, demläp içmegi maslahat berýärler. Bu çaýy bir aýlap içen ýagdaýynda näsagyň gan basyşy kadalaşýar, kellagyrysy aýrylýar. Ondan başga-da halk lukmançylygy ýorunjanyň ýokarky bölegini, ak we gyzyl güllerini, ýokarky ýapraklaryny peşew çykaryjy we der getiriji serişde hökmünde ulanmagy maslahat berýär. Ýorunjanyň demlemeleri we gaýnatmalary, dowamly üsgülewükde, sowuklamada, gyzgynyň galanda peýda berýär. Ýorunja demlemesi ýürek, böwrek keselleriniň, gury agyrynyň çalt aýyrylmagyna gowy täsir edýär. Bu gün halk lukmanlaryň köpüsi ter ýorunjanyň şiresini allergiýa kesellerinde, ekzemada, deriň düwürtiklerinde ulanmagy hem maslahat berýärler. Demlemäniň taýarlanylyşy: 3 çaý çemçe serişdäni bir bulgur (200 milligram) gaýnag suwa demlemeli we bir sagat goýmaly. 50 milligramdan 4 gezek nahardan 20 minut öň içmeli.

Aýbölek MELEŞOWA.