"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sogan hakynda

Sogan adamyň immun ulgamyny güýçlendirýär. Ol 25 görnüşli aýry-aýry antioksidantlary özünde saklaýar. Sogan iýmit siňdiriş ulgamyna oňaýly täsir edip, gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramlylygyny üpjün edýär. Sogan süýt we süýt önümleri ýaly, süňkleriň berkemegine hem täsir edýär. Soganyň osteoporoz kesellerine garşy hem peýdalydygy subut edilendir.

Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

Ýurdumyzda her bir adamyň saglygy ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Keselleriň öňüni almaga gönükdirilip, bitirilen beýik işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Adamlaryň öz saglygy baradaky düşünjesi ýokarlandy, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek maksady bilen, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş edaralary, şypahanalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berildi. Milli Liderimiziň ylym we bilim ulgamynda geçiren özgertmeleriniň netijesinde mekdeplerde bedenterbiýe sapaklary ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiz sport bilen meşgullanmakda şahsy görelde bolup, sport ulgamyny dünýä derejesine ýetirmekde uly işleri alyp barýar. Olimpiýa şäherçesi üstünlikli hereket edýär we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin biziň ýurdumyzda hemme şertler we mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan saglyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli göwrümli sport desgalary, meýdançalary hereket edýär. Raýatlarymyza öz ýaşaýan ýerlerinde irden hem agşam sport meýdançalarda işjeň hereketde bolmaklary üçin hemme amatlyklar döredilen. Ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerini geçirmek indi ençeme ýyllaryň dowamynda däbe

Möwsümleýin kesellerden ägä boluň!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda adamlaryň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga gönükdirilen beýik işler bu günki gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ýurdumyzda ýiti respirator wirusly ýokançdan goranmak, öňüni almak, bejermek babatda ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Kesel esasy howa-damja ýoly arkaly ýaýraýar. Şunda dem alnan howa kynlyk bilen ýylaýar, wiruslar çalt köpelýär we dem alyş ýollarynyň aşaky bölümlerine düşýär. Burnundan kynlyk bilen dem alýan adamlarda hem kesel çalt ýüze çykýar, meselem, burun boşlugyndaky adenoidlerde agyz boşluk arkaly dem alyş amala aşyrylýar. Dem alnan howa çyglanyp bilenok, bronhlaryň nemli bardalary guraýar, bu hem onuň arassalanmagynyň peselmegine eltýär. Çilimkeşleriň respirator keselleýjiligi ýygy bolýar. Çilim tüssesi dem alyş ýollarynyň nemli bardasy üçin güýçli gyjyndyryjy bolup hyzmat edýär. Dowamly keselli adamlarda ýiti respirator wirus keseli beýleki keselleriniň ýitileşmegine getirýär. Şunda ýarawsyz adamlardan daşda durmak maslahat berilýär. Öýden çykmazdan öň burnuňyza oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtüklerini dakynmaly, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly. Burun we agyz boşluklaryny marganes, furasilin, soda erginleri bilen çaýkamaly. He

Lukman maslahat berýär

Arassaçylyk kesellerden goranmagyň iň ýönekeý we wajyp usulydyr. Biziň ählimiz nahar iýmezden öň, çagalar hem daşarda oýnap gelenlerinden soň, köpçülikleýin ýerlerden gelnenden soň ellerimizi akar suwuň aşagynda sabyny köpürjikledip, barmaklaryň arasy bilen gowy ýuwmaly. Ýaşaýan, işleýän otagyňyzda üzärligi tütetmeli, otagyň içini, mebelleri, gapy tutawaçlaryny, pollary ýörite arassalaýjy serişdeler bilen arassalap durmaly. Şeýle hem, nahar iýilýän gap-gaçlary ulanmazdan öň we soň akar suwda gowy arassalamak, ýuwmak maslahat berilýär.

Saglyk size ýaran bolsun!

Elleriňizi sabyn bilen yzygiderli ýuwuň!Agyz-burun örtüklerini dakynyň!Azyk önümleriniň howpsuzlugynyň düzgünlerini berjaý ediň!Dermanlyk ösümlikleri kada laýyk ulanyň!Öý we iş otaglaryny ýelejiredip duruň!

Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni alalyň

Ýiti respirator ýokanç keselleri, adyndan belli bolşy ýaly, ýiti ýokanç kesel bolup, ol syrkaw adamdan ýa-da wirus göterijiden sagdyn adama howa-damja we galtaşyk ýollary bilen geçip bilýär. Ýiti respirator keselleri ýokanç keselleriň arasynda iň köp duş gelýän keselleriň biridir. BSGG-niň habar bermegine görä, ýokanç keselleriň 90 — 95 göterimi ýiti respirator ýokanç keselleriň paýyna düşýär. Ýiti respirator ýokanç keselleri, esasan, sentýabr aýyndan maý aýyna çenli döwürde köp duş gelýär. Uly adamlar keselçiligiň möwsüminde takmynan 3 — 4 gezek, çagalar bolsa 6 — 9 gezege çenli keselläp bilýärler.

Işjeň gatnaşalyň!

Türkmenistan döwletimizde ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplanylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda waksina bilen ýokanç keselleriň öňüni almak iň ähmiýetli ugurlaryň biridir. Biziň ýurdumyzda keseli bejermekden ozal onuň öňüni almak ýörelgesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy orny eýeleýär. Şol ugra esaslanyp, ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň täze milli tertibi döredildi. Milli sanjym tertibine laýyklykda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaňy bolan bäbekden başlap, uly ýaşly çagalara, ýetginjek oglan-gyzlara, uly ýaşly raýatlara, ýokanç keselleriň garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Sebäbi ýokanç keselleriň adamyň saglygyna uly howp salmagy mümkin. Ýokanç keseller bilen kesellän näsaglary bejermek uly zähmeti we harajaty talap edýär. Bu keselleriň garşysyna ulanylýan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almak özüniň örän oňat netijesini berýär. Biziň döwletimizde birnäçe ýokanç kesellere garşy birwagtda immunitetiň berkemegine ýardam berýän waksinalar satyn alnyp, ýurdumyzyň ilatyna mugt sanjylýar. 2005-nji ýylyň aprel aýyndan bäri her ýyl Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça köp döwletlerde immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Biziň ýurdumyzda hem 2007-nji ýyldan başlap, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdesini geçirmek eýýäm däbe ö

Il saglygy — ýurt baýlygy

Welaýat onkologiýa hassahanasynyň eli ýeňil lukmanlarydyr şepagat uýalary bu ýere gelýän näsaglaryň saglygy ugrunda uly alada edýärler. Hassahananyň kabul ediş bölüminiň onkolog lukmany Güljemile Amanowa bu ýerde 20 ýyla golaý bäri yhlasly zähmet çekip gelýär. Onuň lukmançylykda bitirýän işleri köplere nusgalykdyr. Hassahananyň umumy onkologiýa bölüminiň şepagat uýasy Zöhre Agajanowanyň süýji sözlüligi, güler ýüzlüligi, ugurtapyjylygy näsaglaryň tiz sagalmagyna täsir edýär. Şonuň üçinem onkolog lukman Güljemile Amanowanyň hem-de şepagat uýasy Zöhre Agajanowanyň il-günden alýany alkyş, işde gazanýany üstünlik.

Kelem

Kelem iýmit gymmatlygy taýdan ýokary derejeli, ýokumy taýdan örän peýdaly birýyllyk gök ekindir. Onuň onlarça görnüşi bolup, olaryň ählisi-de dürli witaminlere baýdyr, adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Kelemiň düzüminde adam bedeni tarapyndan aňsat özleşdirilýän belok hem-de kletçatkalar bar. Kelemiň peýdaly düzümi gandaky holesterini hem-de süýjini sazlaýar, içegäniň işjeňligini kadalaşdyrýar. Onuň düzümi C, PP witaminlerine örän baýdyr. Şeýle-de, bu peýdaly önümiň düzüminde köp mukdarda prowitamin A, К, U hem-de holin witaminleri, B witaminler toplumy, foliý we tartron turşulygy, kaliý, kalsiý, fosfor, marganes, demir minerallary, dürli fermentler, fitogormonlar, fitonsidler bar. 100 gram kelemiň möçberi uly adamyň C witamine bolan bir günki zerurlygynyň 60 göterimini üpjün edýär. Kelemdäki beýleki önümlerde örän seýrek duş gelýän U witamininiň bolsa, aşgazan hem-de içegede duş gelýän kesellerden goraýjylyk ähmiýeti bardyr. Kelem iýmit siňdiriş ulgamyna, bedende madda çalşygyna oňat täsir edýär, toksinleriň hem-de holesteriniň çykarylmagyna peýdasy uludyr. Duza ýatyrylan kelemiň suwy-da adam bedeni üçin örän peýdaly bolup, onda kelemiň düzümindäki peýdaly witaminleriň köpüsiniň ýygyndysy üýtgemän galýar. Kelem berhiz tutýanlar üçin hem örän ýeňil özleşýän iýmitdir. Kelemiň düzümindäki serişdeler ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň öňüni alýar.

Saglyk iň uly baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Maşklaryň saglyga peýdasy

Her bir adama ýaşyna, çekýän zähmetine garamazdan, sagaldyş maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Gündelik fiziki hereket saglygy gowulandyrmaga, myşsalaryň ösmegine ýardam edýär. Sagaldyş maşklaryna irden ýerine ýetirilýän maşklar degişlidir. Ir säher bilen maşklar ýerine ýetirilende beden uky ýagdaýdan oýa ýagdaýa çalt geçýär. Uky wagtynda bedende hereket gowşap, işjeň hala geçip bilmeýär.

Köwata — tebigy bejeriş köli

Gözel tebigatly türkmen topragynyň Köwata ýerasty kölüni näçe görseň, ýene-de göresiň geler durar. Her gezek hem bu täsin gowagyň goýnunda gizlenip ýatan syrlaryň ýene-de biri açylaýjak ýaly, onuň içini içgin-içgin synlarsyň. Hakykatdan-da, her gezek öň baranyňda üns bermedik bir täsinligiň üstüni açarsyň. Tebigatyň ajaýyp sungat eseri ýaly, gözelliklere baý dag galereýasynda açylmadyk syrlar entek gaty kändir. Köwata syrly dünýäsi, täsinligi, gözelligi bilen diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynyň däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň hem ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzdan günbatarlygyna tarap ýüz kilometrlik ýoly geçip, Bäherden etrabynyň çägine aralaşaňsoň, ýüzüňi gojaman Köpetdaga tarap öwreniňden arassa hem tämiz howa demligiňe dolar. Uludan-uludan dem alarsyň, göwnüň giňäp gider. Bu saglygyň üçin zerur. Umuman, dag eteginiň howasy ynsan saglygy üçin örän peýdaly. Tebigy bejeriş köli hasaplanýan Köwatanyň gadyr-gymmaty bir başga. Alymlar onuň düzüminde kükürt, ýod, magniý, kaliý, natriý, sulfat, alýumin, brom, demir ýaly peýdaly himiki elementleriň kyrka golaýynyň bardygyny anykladylar.

Tebigatdaky sesleriň peýdasy

Arassa howadan dem almagyň, salkyn saýaly baglaryň aşagynda oturmagyň adam saglygyna, ýagny fiziki işjeňlige, gözleriň dynç almagyna, bedeniň kislorod bilen iýmitlenmegine uly peýdasynyň bardygy barada ata-babalarymyz hemişe tekrarlapdyrlar. Bu, dogrudanam şeýle. Ýöne adamlar wagtynyň köpüsini «dört diwaryň» arasynda geçirýärler. Bu bolsa ynsan saglygy babatynda käbir kynçylyklary döredýär. Şeýle bolansoň, adam saglygyny berkitmegiň aňsat usullary oýlandyrýar. Daşymyzy gurşap alýan gözel tebigatyň saglygy berkitmekdäki orny barada oýlananyňda, onuň saglygy berkidiji we köşeşdiriji häsiýete eýedigini, hatda akyl bozulmalarynyň döremek howpunyň hem öňüni alýandygyny duýýarys. Çeşmelerden akýan suwlaryň şirrildisi, ýagşyň sesi, ýapraklaryň şybyrdysy, guşlaryň sesi psihologiki rahatlygy dörediji sesler hökmünde dünýäniň köp alymlarynyň ünsüni çekýär. Şol bir wagtyň özünde dürli çeşmelerden gelýän sesler özüçe täsir edýär. Baglardaky guşlaryň jürküldisi gahar-gazaby peseldýär, suwuň sesi bedeni kuwwatlandyrýar we täsin duýgulary oýarýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň alymlary seýilgählerde ylmy-barlag işlerini geçirmek bilen tebigy sesleri ýazgy edýärler. Ylmy-barlaglaryň netijesinde tebigatdaky sesleriň adam saglygy üçin örän peýdalydygy ýüze çykarylýar. Diýmek, tebigatdaky sesler saglygymyzyň gözbaşy.   

Çernýakowskaýanyň noriçnigi Норичник Черняковской

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Çernýakowskaýanyň noriçnigi — noriçnikler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 60—120 sm köpýyllyk otjumak wekili. Ösümlik tutuş tüýsüz. Porrugy ýeterlik küti, gyşyk. Baldagy ýeke ýa-da birneme, göni, dörtgyraňly, gyraňlary inçe ganatlyja. Ýapragy garşylyklaýyn, sapajygynyň uzynlygy 2—4 sm. Ýaprak plastinkasy süýri ýumurtga görnüşli, ujy gysylan, uzynlygy 8—10 sm, ini 6—7 sm, gyralary kütek dügürli, gülýanynyň aşaky ýapraklary ýokardaky görnüşde, uzynlygy 5,5 sm we ini 3,5 sm, sapakly, uzynlygy 1,5 sm, olaryň ýokarkylary çyzykly, ujy çowly, uzynlygy 1,3 sm, ini 0,2—0,7 sm, tas sapaksyz.

Gözellik we sagdynlyk

Bu maşk öz gözbaşyny sportuň ýoga görnüşinden alyp gaýdýar. Günüň dowamynda birnäçe minut ýolbars oturyşyny etseňiz, bokurdakdaky, boýun oňurgadaky agyrylar, kellagyrysy, hatda hor çekmäňiz hem aýrylar. Bedeniňiziň işjeňleşmegi sebäpli ýüzüňizdäki ýygyrtlar hem ýazylar. Geliň, bilelikde ýerine ýetireliň!

Örtük dakynyň, sagdyn boluň!

Örtük agzyň we burnuň nemli bardalaryny howa-damjalaýyn ýollar bilen ýokuşýan kesellerden we howadaky tozan bölejiklerinden goramak üçin netijeli serişdedir. Hut şonuň üçin hem daşary çykylanda, agyz-burun örtügini hökman dakynmalydyr. Ilki elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly ýa-da ýörite zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamaly. Örtükde we onuň bagjygynda zeperlenme bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamaly. Zeperlenen ýa-da ýyrtylan örtük degişli goragy üpjün edip bilmeýär. Şonuň üçin hem ony dakynmak maslahat berilmeýär. Örtügi onuň metal gysgyjyny ýokarlygyna ýerleşdirip dakynmaly.

Saglygymyzy gorap saklamak ugrunda alada etmegi her birimiz endik edinmelidiris

Arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek saglygymyzy goramagyň iň ilkinji we möhüm şertidir ■ Beýnimiziň we bedenimiziň işjeň bolmagy üçin wagtly-wagtynda kadaly ukyny almaly.

Lukman maslahat berýär

Ýaşaýyş we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejiretmeli, otagy ýörite niýetlenen zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli amala aşyrmaly. Saglygyň sakasynda arassaçylygyň durýandygy hemmelere mälimdir. Hut, şonuň üçin, şahsy tämizligi doly hem dogry berjaý etmeli. Ertirki maşklar, ylgaw, pyýada ýöremek ýaly sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Gowy ukyňy almaly hem-de bedenterbiýe we sport bilen taplanmaly. Her bir adam pasla görä geýinmelidir.

Atçylyk sportunyň saglyga peýdasy

Atçylyk sporty bedewler bilen aragatnaşykda bolmagyň lezzetini duýmaga, fiziki taýdan kämillige ýetmäge mümkinçilik berýän birnäçe görnüşleri öz içine alýan sportdur. At münmegiň adam saglygyna ýetirýän täsiri baradaky maglumatlara gadymy döwürlerdäki ýazgylarda hem duş gelmek bolýar. Meşhur lukman Antila at münmegiň tutuş bedeni güýçlendirýändigi baradaky pikiri öňe sürüpdir. Selsiý aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir. Gippokrat bolsa, öz gezeginde, sussupes, tukat adamlara atyň üstünde gezim etmegi maslahat beripdir. Onuň pikiriçe, at üstünde gezim etmek adamlary erbet pikirlerden daşlaşdyrýar. Häzirki wagtda lukmanlaryň gözlegleri ippoterapiýanyň hassalaryň tiz sagalmagyna ýardam edýändigini görkezdi. XXI asyrda lukmanlar aty eýerläp münmegiň adamyň iýmit siňdiriş, gan aýlanyş, nerw, dem alyş, endokrin ulgamlaryna oňyn täsir edýändigini, hereket agzalarynyň işini işjeňleşdirýändigini anykladylar. Şeýle-de alymlar at münmegiň ruhy sarsgynlardan aýňalmaga oňat täsir edýändigini belleýärler.

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Örtügi dogry ulanmagy endik et! ■ Kadalar ýönekeý bolsa-da, örän möhüm!