Örtük dakynyň, sagdyn boluň!

25 Aprel 2021
963

Örtük agzyň we burnuň nemli bardalaryny howa-damjalaýyn ýollar bilen ýokuşýan kesellerden we howadaky tozan bölejiklerinden goramak üçin netijeli serişdedir. Hut şonuň üçin hem daşary çykylanda, agyz-burun örtügini hökman dakynmalydyr.

Ilki elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly ýa-da ýörite zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamaly. Örtükde we onuň bagjygynda zeperlenme bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamaly. Zeperlenen ýa-da ýyrtylan örtük degişli goragy üpjün edip bilmeýär. Şonuň üçin hem ony dakynmak maslahat berilmeýär. Örtügi onuň metal gysgyjyny ýokarlygyna ýerleşdirip dakynmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.