Lukman maslahat berýär

26 Aprel 2021
913

Arassaçylyk kesellerden goranmagyň iň ýönekeý we wajyp usulydyr. Biziň ählimiz nahar iýmezden öň, çagalar hem daşarda oýnap gelenlerinden soň, köpçülikleýin ýerlerden gelnenden soň ellerimizi akar suwuň aşagynda sabyny köpürjikledip, barmaklaryň arasy bilen gowy ýuwmaly.

Ýaşaýan, işleýän otagyňyzda üzärligi tütetmeli, otagyň içini, mebelleri, gapy tutawaçlaryny, pollary ýörite arassalaýjy serişdeler bilen arassalap durmaly. Şeýle hem, nahar iýilýän gap-gaçlary ulanmazdan öň we soň akar suwda gowy arassalamak, ýuwmak maslahat berilýär.