Köwata — tebigy bejeriş köli

25 Aprel 2021
1581

Gözel tebigatly türkmen topragynyň Köwata ýerasty kölüni näçe görseň, ýene-de göresiň geler durar. Her gezek hem bu täsin gowagyň goýnunda gizlenip ýatan syrlaryň ýene-de biri açylaýjak ýaly, onuň içini içgin-içgin synlarsyň. Hakykatdan-da, her gezek öň baranyňda üns bermedik bir täsinligiň üstüni açarsyň. Tebigatyň ajaýyp sungat eseri ýaly, gözelliklere baý dag galereýasynda açylmadyk syrlar entek gaty kändir. Köwata syrly dünýäsi, täsinligi, gözelligi bilen diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynyň däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň hem ünsüni özüne çekýär.

Paýtagtymyzdan günbatarlygyna tarap ýüz kilometrlik ýoly geçip, Bäherden etrabynyň çägine aralaşaňsoň, ýüzüňi gojaman Köpetdaga tarap öwreniňden arassa hem tämiz howa demligiňe dolar. Uludan-uludan dem alarsyň, göwnüň giňäp gider. Bu saglygyň üçin zerur. Umuman, dag eteginiň howasy ynsan saglygy üçin örän peýdaly. Tebigy bejeriş köli hasaplanýan Köwatanyň gadyr-gymmaty bir başga. Alymlar onuň düzüminde kükürt, ýod, magniý, kaliý, natriý, sulfat, alýumin, brom, demir ýaly peýdaly himiki elementleriň kyrka golaýynyň bardygyny anykladylar.

Maýagözel JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly mugallymy.