Möwsümleýin kesellerden ägä boluň!

26 Aprel 2021
912

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda adamlaryň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga gönükdirilen beýik işler bu günki gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ýurdumyzda ýiti respirator wirusly ýokançdan goranmak, öňüni almak, bejermek babatda ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Kesel esasy howa-damja ýoly arkaly ýaýraýar. Şunda dem alnan howa kynlyk bilen ýylaýar, wiruslar çalt köpelýär we dem alyş ýollarynyň aşaky bölümlerine düşýär. Burnundan kynlyk bilen dem alýan adamlarda hem kesel çalt ýüze çykýar, meselem, burun boşlugyndaky adenoidlerde agyz boşluk arkaly dem alyş amala aşyrylýar. Dem alnan howa çyglanyp bilenok, bronhlaryň nemli bardalary guraýar, bu hem onuň arassalanmagynyň peselmegine eltýär. Çilimkeşleriň respirator keselleýjiligi ýygy bolýar. Çilim tüssesi dem alyş ýollarynyň nemli bardasy üçin güýçli gyjyndyryjy bolup hyzmat edýär. Dowamly keselli adamlarda ýiti respirator wirus keseli beýleki keselleriniň ýitileşmegine getirýär.

Şunda ýarawsyz adamlardan daşda durmak maslahat berilýär. Öýden çykmazdan öň burnuňyza oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtüklerini dakynmaly, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly. Burun we agyz boşluklaryny marganes, furasilin, soda erginleri bilen çaýkamaly. Her gün iki bölejik sarymsak iýmeli. Kelem, sitrus görnüşli önümleri iýmek peýdaly. Keseli güýjemänkä bejermek has ýeňil bolýar. Şonuň üçin ýarawsyzlyk tapynsaňyz derrew lukmana ýüz tutmaly. Durmuşda gündelik ösümlikden ybarat bolan serişdeleri ulanmak peýdalydyr. Buýan kökünden ýasalan garyndy üsgülewüge garşy örän peýdalydyr, ol immunitetiňi artdyrýar. Witamin С immun ulgamy berkidýär. Witamin С it burunda 650 milligram, gyzyl süýji burçda 250 milligram, oblepiha miwesinde 200, greýpfrutda 60, apelsinde we limonda 50 milligram düzüminde saklanýar. Sarymsak burnuňyz dykylanda kömek edýändir. Her gezek nahara goşsaňyz immun ulgamyňyzy ýokarlandyrar. Gök önümleri köpräk iýseňiz damarlaryňyzy berkider. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý ediň, elleriňizi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmagy unutmaň. Köpräk arassa howadan dem alyň, otaglaryňyzyň howasyny çalşyp duruň. Maşklary köpräk ýerine ýetiriň. Kadaly iýmitleniň we keselli adamlardan daşda duruň!

Bahar HÜMMEDOWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki poliklinika dispanser gözegçilik bölüminiň ylmy işgäri.