Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

26 Aprel 2021
1157

Ýurdumyzda her bir adamyň saglygy ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Keselleriň öňüni almaga gönükdirilip, bitirilen beýik işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Adamlaryň öz saglygy baradaky düşünjesi ýokarlandy, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek maksady bilen, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş edaralary, şypahanalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berildi. Milli Liderimiziň ylym we bilim ulgamynda geçiren özgertmeleriniň netijesinde mekdeplerde bedenterbiýe sapaklary ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiz sport bilen meşgullanmakda şahsy görelde bolup, sport ulgamyny dünýä derejesine ýetirmekde uly işleri alyp barýar. Olimpiýa şäherçesi üstünlikli hereket edýär we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin biziň ýurdumyzda hemme şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan saglyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli göwrümli sport desgalary, meýdançalary hereket edýär. Raýatlarymyza öz ýaşaýan ýerlerinde irden hem agşam sport meýdançalarda işjeň hereketde bolmaklary üçin hemme amatlyklar döredilen. Ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerini geçirmek indi ençeme ýyllaryň dowamynda däbe öwrüldi we özüniň oňyn netijelerini berýär. Welosiped sportuna aýratyn üns berilýär, sebäbi ol ekologiki taýdan arassa, amatly we döwrebap türgenleşik enjamy bolup, tebigy güýji artdyrmaga, dem alyş, ýürek, gan-damar, daýanç-hereket, nerw ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär we oňaýly täsir edýär. Biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşine uly üns berilýär we halkara derejeli dabaralar geçirilýär.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.