Işjeň gatnaşalyň!

26 Aprel 2021
1042

Türkmenistan döwletimizde ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplanylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda waksina bilen ýokanç keselleriň öňüni almak iň ähmiýetli ugurlaryň biridir. Biziň ýurdumyzda keseli bejermekden ozal onuň öňüni almak ýörelgesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy orny eýeleýär. Şol ugra esaslanyp, ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň täze milli tertibi döredildi. Milli sanjym tertibine laýyklykda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaňy bolan bäbekden başlap, uly ýaşly çagalara, ýetginjek oglan-gyzlara, uly ýaşly raýatlara, ýokanç keselleriň garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Sebäbi ýokanç keselleriň adamyň saglygyna uly howp salmagy mümkin. Ýokanç keseller bilen kesellän näsaglary bejermek uly zähmeti we harajaty talap edýär. Bu keselleriň garşysyna ulanylýan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almak özüniň örän oňat netijesini berýär. Biziň döwletimizde birnäçe ýokanç kesellere garşy birwagtda immunitetiň berkemegine ýardam berýän waksinalar satyn alnyp, ýurdumyzyň ilatyna mugt sanjylýar.

2005-nji ýylyň aprel aýyndan bäri her ýyl Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça köp döwletlerde immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Biziň ýurdumyzda hem 2007-nji ýyldan başlap, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdesini geçirmek eýýäm däbe öwrüldi. Bu çäräni geçirmegiň düýp manysy hem keselleriň öňüni almakda we ynsan ömrüni goramakda öňüni alyş sanjymlarynyň wajypdygyny ilatyň arasynda wagyz- -nesihat etmekden ybaratdyr. 2021-nji ýylyň 26-njy aprelinden 2-nji maý aralygynda immunizasiýa hepdeliginiň geçirilmegi wagyz-nesihat we sanjym işleriniň köpçülikleýin alnyp barylmagyna giň mümkinçilik döretdi. Biz hemmäňizi şol işleri geçirmäge çagyrýarys!