"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sport mekdeplerinde

Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde 2008-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futzal boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýatyň etraplaryndan, şäherlerinden toparlar gatnaşdy. Aýlaw görnüşinde guralan bäsleşik çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Şeýlelikde, ýaryşyň finalynda «Türkmenabat-2008» topary «Dänew» toparyndan 5:4 hasabynda üstün çykdy. «Türkmenabat-2009» we «Kerki» toparlary üçünji orna mynasyp boldular.

Wekilçilikli halkara ýaryşy

Şu günler Russiýanyň Kazan şäherinde «Gelejegiň oýunlary» fidjital-sport halkara ýaryşy dowam edýär. Ilkinji gezek geçirilýän şeýle derejedäki bäsleşikde 100-den gowrak döwlete wekilçilik edýän toparlaryň 277-si kompýuterde, şol bir wagtda hem sport toplumlarynda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldylar. Guramaçylaryň bellemeklerine görä, bu ýaryş ýaşlaryň sporta bolan höwesini täze derejä çykarar. Halkara ýaryşyna gatnaşýan ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminiň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine wekilçilik edýän talyp deň-duşlarymyzyň 14-sinden hem-de 1 tälimçi-mugallymdan (Sähet Gylyçmämmedow, Miras Huseýnow, Azym Sattyýew, Şatlyk Rahmanow, Aýnazar Goçmyradow, Ýusup Kulyýew, Mekan Nazarow, Gadam Gapurow, Merdan Abdullaýew, Halylmuhammet Sopyýew, Azat Wepagulyýew, Gurban Ataýew, Atajan Agaýew, Myrat Saparow hem-de Döwletgeldi Halmyradow) ybaratdygyny bellemek gerek.

Ýaş olimpiýaçylar

Köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sportda ýokary netijeleriň gazanylmagy, bu babatda türgenleriň döwlet derejesinde höweslendirilmegi möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunda ýaşlaryň bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdep-internatynda zähmet çekýän tälimçi-mugallymlar hem şu maksat bilen, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup, saýlap alan sport görnüşleri boýunça kämillige ýetmegi ugrunda irginsiz zähmet çekýärler. Sport mekdebimizde tälim alýan ýaşlaryň arasynda dürli ýaryşlarda ýeňiji bolýan türgenleriň kemala gelmegi yhlasymyzyň ýerine düşýändigini görkezýär. Sport mekdebinde okuwçy-türgenleriň diňe bir türgenleşiklerine däl-de, okuw dersleri boýunça ýetişigine-de uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde bilim alýan ýaşlaryň ýurdumyzda geçirilýän ders bäsleşiklerinde, şol sanda matematika dersinden hem baýrakly orunlary eýelemegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hü­när baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan bäs­le­şik­ler

Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li spor­tuň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň iş­gär­le­ri, da­şa­ry ýurt dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we Türk­me­nis­tan­da akk­re­di­tir­le­nen hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň 200-e go­la­ýy gat­naş­dy. Wo­leý­bol, stol ten­ni­si, fut­zal hem-de bou­ling bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de gu­ra­lan bäs­le­şik­ler­de dip­lo­mat­lar öz us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Bäs­le­şik­le­rde stol ten­ni­si­ne hö­wes bil­di­ren­le­riň has ag­dyk­lyk eden­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Futbol täzelikleri

Mart aýynda başlanjak Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümine taýýarlygyň çäginde BAE-niň Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän «Arkadag» topary Russiýanyň premýer ligasynyň wekili «Pari NN» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. «Abu Dhabi Cricket & Sports Hub» futbol meýdanynda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Arkadag» toparynyň peýdasyna tamamlandy. Toparymyza ýeňiş getiren toplary Begmyrat Baýow (23-nji minut) bilen Didar Durdyýew (68-nji minut, 11 m.j.u.) geçirdi.

Şow­ly çy­kyş­lar

Ata Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň ös­me­gi üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 6-njy sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri hem «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da üs­tün­lik­le­re eýe bol­ýar­lar. Sport mek­de­bi­miz­de ýaş ne­sil­le­riň okuw­dan boş wagt­la­ry spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy, saý­lap alan ugur­la­ryn­da kä­mil­leş­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­di­l­di. Us­sat tä­lim­çi­le­ri­mi­ziň bi­ri bolan Nur­my­rat Ba­ba­ýe­wiň tür­gen­le­ri Aş­ga­bat şä­he­ri­niň çem­pio­na­tyn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Olar­dan Kem­ran La­ti­pow 70 kg-de, Gud­rat Ber­di­li­ýew 60 kg-de, Eziz Mu­ham­me­dow 75 kg-de 1-n­ji, Emir­han Ho­ja­my­ra­dow 42 kg-de 2-n­ji orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry şä­he­rin­de ge­çi­ri­len uşu bo­ýun­ça er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da Me­kan Pal­ta­ýew 70 kg-de, Da­wut Bek­my­ra­dow 56 kg-de, Şöh­rat Re­je­pow 75 kg-de öň­dä­ki or­na my­na­syp bol­du­lar. Sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Alai Ny­ýaz­meňg­li­ýe­wiň tür­gen­le­ri Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Minsk şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Hal­ka­ra ýa

Taryhda şu gün

­ 2004-nji ýylyň 24-nji fewralynda «Bornmut» toparynyň hüjümçisi Jeýms Heýter iňlis futbolynyň taryhyndaky iň çalt het-trigi (bir oýunda üç top) amala aşyrmagy başardy.

Sazyň hem sportuň sazlaşygy

Ynsan saglygyny has-da pugtalandyrýan sport görnüşleriniň biri-de aerobikadyr. Aerobika – depginli gimnastika, ýagny saza goşup ýerine ýetirilýän sagaldyş maksatly fiziki maşklardyr. Ol öz gözbaşyny 1968-nji ýyldan alyp gaýdar. Şol ýyl lukman Kennet Kuper özüniň saglygy berkidiş aerobika bilen bagly maşklaryna degişli geçiren ylmy gözlegleriniň netijelerine esaslanýan ilkinji kitabyny çap etdirýär. Şondan soňam «aerobika» sözi halk köpçüligine giňden ýaýrap ugraýar.  1969-njy ýylda bolsa Jekki Sorenson Kennet Kuper bilen bilelikde tans hereketleri esasynda fitnes türgenleşigini esaslandyrýar. 1980-nji ýyllarda sportuň bu görnüşi uly meşhurlyga eýe bolýar.

Bedenterbiýe we sport

Bedenterbiýe we sport ýaşlaryň ähli babatda kämillige ýetmeginiň, durmuşda mynasyp ornuny tapmagynyň esasy serişdeleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sport düzümleri döredilýär. Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çägindäki «Aşgabat» köpugurly stadionynda, «Bagtyýarlyk» sport toplumynda we beýleki iri sport desgalarynda ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň şertler üpjün edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary hem beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde, ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, duşuşyklary, sport bäsleşiklerini yzygiderli guraýarlar. Şu günler «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäklerindäki bäsleşiklere hem ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatda görkezýän göreldesi ýaş nesil üçin nusgalyk mekdepdir.

Meýdançada ýaş pälwanlar

Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda ussat pälwanlaryň, sporty hemra edinýän ýaşlaryň sanynyň artýandygyny geçirilýän ýaryşlaryň mysalynda hem görmek mümkin. Biz Watanymyzyň sport abraýynyň artmagyna goşant goşýan ýaşlaryň barha kämilleşmeklerini maksat edinip, dürli sport ýaryşlaryny yzygiderli guraýarys. Sport mekdebimizde erkin göreş boýunça etrabyň birinjiligi ugrunda geçirilen açyk çempionat hem pälwanlaryň tejribe toplamaklary üçin uly mümkinçilik boldy. Ýaryşa türgenleriň 70-den gowragy gatnaşyp, agram derejeleriň 9-sy boýunça öz aralarynda güýç synanyşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça Allanur Ýegenow 35, Aýmyrat Saparow 38, Ahmet Ezizow 41, Resul Jumadurdyýew 44, Begenç Weliýew 52, Perhat Agajanow 57, Azat Akmämmedow 62, Şatlyk Çaryýew 65, Söhbet Pederow 71 kilograma çenli agram derejeleri boýunça birinji orny eýelediler. Ýaşlaryň nobatdaky üstünliklerinde tälimçiler Geldimyrat Aşyrowyň we Ýolly Gurbangeldiýewiň mynasyp paýy bar.

Gyzykly geçen ýaryşlar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşi etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde sport mekdebiniň ýaş türgenleriniň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirdi. Sportuň bu görnüşine bolan höwesi artdyrmak, ýaşlaryň saglygyny berkitmek maksady bilen geçirilen ýaryş diýseň çekeleşikli we gyzykly häsiýete eýe bolup, oňa gatnaşan türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Netijede, birinji we ikinji orunlara degişlilikde Sapardurdy Hydyrowyň tälimçilik edýän «Hazar» we «Altyn Asyr» toparlary, üçünji orna Annamämmet Hydyrowyň tälimçilik etmegindäki «Ýaşlyk» topary mynasyp boldular.

Sport

Çekeleşikli geçdi Golaýda welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça welaýatyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Gyzykly geçen ýaryşa welaýatymyzdaky sport mekdepleriniň tälimçileri, türgenleri, şeýle-de, Daşoguz, Balkan, Lebap welaýatlaryndan hem türgenler gatnaşdylar.

1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary tamamlandy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 1/8 fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Tap­gy­ryň il­kin­ji 4 du­şu­şy­gy ge­çen hep­dä­niň do­wa­myn­da ge­çi­ri­lip­di. Ga­lan 4 du­şu­şyk bol­sa şu hep­de oý­na­lyp, du­şu­şyk­lar­da bir­meň­zeş ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy. Si­şen­be gün­ki oýun­lar­da wi­se-çem­pi­on «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «At­le­ti­ko Mad­ri­di» ka­bul et­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da ýe­ňi­ji­ni ýe­ke gol kes­git­le­di. 1-nji ýa­ry­my gol­suz ge­çen du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk go­ly, oý­na soň gi­ren Mar­ko Ar­nau­to­wiç 79-njy mi­nut­da öz ady­na ýaz­dyr­dy. «At­le­ti­ko Mad­rid» to­pa­ry şu möw­süm­de UÇL-de il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.

Goň­şy ýurt­da ýe­ňiş ga­zan­dy

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň 2-nji ýa­ry­şy Şwe­si­ýa­da ge­çi­ril­di. 18 tap­gyr­dan yba­rat 300,1 ki­lo­metr­lik ýa­ryş­da «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry­nyň fin sü­rü­ji­si Esa­pek­ka Lap­pi ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol goň­şy ýur­tda­ky ýa­ry­şy 2 sa­gat 33 mi­nut 04,9 se­kunt­da ta­mam­lap, kar­ýe­ra­syn­da­ky 2-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Gar­ly ýol­lar­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si El­fin Ewans 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ol ýe­ňi­ji­den 29,6 se­kunt yza ga­l­dy. «M-Sport Ford» to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Ad­ri­en Fur­mo 3-nji or­na my­na­syp bol­dy. Möw­sü­miň 1-nji ýa­ry­şy­nyň ýe­ňi­ji­si bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will («Hy­un­dai Shell Mo­bis») pel­le­ha­na­dan 4-nji bo­lup geç­me­gi ba­şar­dy.

Tälimçiler, tälimçiler, tälimçiler...

Fut­bol­da klub­la­ryň, ýy­gyn­dy to­par­la­ryň iň köp üýt­ge­ýän za­dy ola­ryň tä­lim­çi­le­ri­dir. Soň­ky 1 hep­de 10 günüň do­wa­myn­da bir­nä­çe klub,

Pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary

UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da-da Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da-da pleý-off tap­gy­ry­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu tap­gyr­da ýe­ňiş ga­za­nan klub­lar 1/8 fi­na­la çyk­ýar. «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da «Renn» to­pa­ryn­dan Lof­tus-Çi­giň (2) hem-de Ra­fa­el Leao­nyň gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Tap­gy­ryň iň geň gal­dy­ran ne­ti­je­si Por­tu­ga­li­ýa­da ha­sa­ba al­nyp, Azer­baý­ja­nyň «Ga­ra­bag» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Bra­ga­ny» Ýan­ko­wi­çiň (21 p), Zu­bi­riň (54, 69) hem-de Ju­ni­nio­nyň (65) gol­la­ry esa­syn­da 4–2 ha­sa­byn­da ut­dy. Por­tu­ga­li­ýa­nyň baş­ga bir klu­by «Spor­ting» bol­sa myh­man­çy­lyk­da «Ýang Boý­zy» 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 1/8 fi­na­la çyk­mak ug­run­da uly müm­kin­çi­lik ga­zan­dy.

«Milan» 2-nji orna geçmekden ýüz öwürdi

Myh­man­çy­lyk­da «Mon­za» bi­len du­şu­şan «Mi­lan» gar­şy­da­şyn­dan il­kin­ji ge­zek utul­dy. 4–2 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len «Mi­lan» to­pa­ry 2-nji ýa­ry­my 1 oýun­çy kem oý­na­dy. 1-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da emi­niň bel­län pe­nal­ti­si­ni dürs uran Pes­si­na ýer eýe­le­ri­ni öňe çy­kar­dy. Bu gol­dan 6 mi­nut soň, has ta­ky­gy, 45+6-njy mi­nut­da Mo­ta­nyň owa­dan go­lun­dan soň ha­sap 2–0-a ýet­di. 2-nji ýa­ry­myň ba­şyn­da-da «Mi­la­nyň» hü­jüm­çi­si Lu­ka Ýo­wiç gy­zyl kart alyp, to­pa­ry­ny çykgynsyz ýagdaýda goý­dy. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, 2-nji ýa­ry­ma Ži­ru, Pu­li­şiç, Leao da­gy bi­len baş­lan «Mi­lan» ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. 65-nji mi­nut­da Ži­ru, 88-nji mi­nut­da-da Pu­li­şi­çiň ta­kyk ur­gu­la­ry bi­len «Mi­lan» 1 utu­ga go­laý­la­dy. Ýö­ne edil 1-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da bol­şy ýa­ly, 2-nji ýa­ry­myň hem soň­ky mi­nut­la­ryn­da «Mi­lan» deň­li­gi sak­lap bil­me­di. 90-njy mi­nut­da Bon­bo­nyň go­ly bi­len öňe ge­çen «Mon­za­nyň» «Mi­lan­dan» kä­ren­de­si­ne alan hü­jüm­çi­si Ko­lom­bo 90+5-nji mi­nut­da oý­na soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şun­luk­da, «Mi­lan» «Ýu­wen­tu­syň» utuk ýi­ti­ren tap­gy­ryn­da 2-nji or­na geç­mek müm­kin­çi­li­gin­den ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­di. «Mi­lan» çem­pio­nat­da 10 oýun­dan soň ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.

«Inter» arany açýar

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Sa­ler­ni­ta­na­nyň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 4 gol gi­riz­di. Gol­la­ry Tu­ram, Mar­ti­nes, Dumf­ris hem-de Ar­nau­to­wiç ge­çir­di. «In­ter» to­pa­ryn­da­ky 125-nji go­lu­ny ge­çi­ren Lau­ta­ro Mar­ti­nes 124 gol­ly wa­tan­da­şy Mau­ro Ikar­di­den öňe ge­çip, klu­buň iň ne­ti­je­li ar­gen­ti­na­ly oýun­çy­sy re­kor­dy­nyň tä­ze eýe­si bol­dy. «We­ro­na» bi­len du­şu­şan «Ýu­wen­tus» to­pa­ry 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, bas­syr 4-nji du­şu­şy­gy­ny ýe­ňiş­siz ta­mam­la­dy. «Ata­lan­ta­nyň» «Sas­suo­lo­ny» 3–0 ýe­ňen tap­gy­ryn­da «Ro­ma» hem şol ha­sap bi­len myh­man­çy­lyk­da «Fro­zi­no­ne­den» üs­tün çyk­dy. «La­sio­ny» myh­man­çy­lyk­da 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Bo­lon­ýa» 4-nji bas­gan­çak­da­ky or­nu­ny sak­la­ma­gy ba­şar­dy.

Ähli toparyň derwezesinden gol geçirdi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» myh­man­çy­lyk­da «Brent­for­dy» Nun­ýes, Ma­kAl­lis­ter, Sa­lah hem-de Gak­po­nyň gol­la­ry bi­len 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Ar­se­nal» myh­man­çy­lyk­da «Börn­li» to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 5 gol gi­riz­di. Du­şu­şyk­da gol­la­ryň 2-si­ni Bu­ka­ýo Sa­ka öz ady­na ýaz­dyr­dy. Tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­nun­da «Man­çes­ter Si­ti» bi­len «Çel­si» du­şu­şyp, du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. «Çel­si» to­pa­ry 42-nji mi­nut­da «Si­ti­niň» ozal­ky ýyl­dy­zy Ster­lin­giň go­ly bi­len öňe geç­di. Oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 7 mi­nut ga­lan­da-da, Rod­ri­niň go­ly şä­her­li­le­ri ýeň­liş­den ha­las et­di. 18-nji tap­gy­ryň gal­dy­ry­lan oý­nun­da «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­synda «Brent­for­dy» Ho­lan­nyň ýe­ke-täk go­ly bi­len ut­dy. Ho­lann APL-de du­şu­şan klub­la­ry­nyň äh­li­si­niň, ýag­ny 21-si­niň hem der­we­ze­sin­den gol ge­çir­me­gi ba­şar­dy. «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» myh­man­çy­lyk­da Heý­lun­nyň 1-nji we 7-nji mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry bi­len «Lu­ton Taw­ny» 2–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Heý­lunn APL-de yz­ly-yzy­na 6 oýun­da ta­pa­wut­la­nan iň ýaş fut­bol­çy bol­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da şä­he­riň baş­ga bir to­pa­ry «Ra­ýo Wal­le­ka­no» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. 1-nji aý­law­da­ky oýun hem deň­lik­de ta­ma

Dünýä Kubogynyň fi­na­lyn­da gol ge­çi­rip­di

Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ozal­ky ýyl­dyz­la­ryn­dan And­re­as Bre­me 63 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Ýü­re­ga­gy­ry­sy se­bäp­li has­sa­ha­na al­nyp gi­di­len Bre­me­ni ha­las et­mek ba­şart­ma­dy. Bu ba­ra­da «Bild» ga­ze­ti ha­bar ber­ýär. Ha­bar­da Bre­me­niň ozal­ky tä­lim­çi­si Frans Bek­ken­baue­riň ara­dan çyk­ma­gy­nyň tä­si­rin­den do­ly sap­la­nyp bil­män­di­gi hem bel­le­nil­ýär. 1960-njy ýy­lyň 9-njy no­ýab­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Ham­burg şä­he­rin­de dün­ýä inen And­re­as Bre­me 1978-nji ýyl­da şä­he­riň «Barm­bek-Ulen­horst» klu­bun­da fut­bo­la baş­lap, bu ýer­de 2 ýyl oý­na­ýar. Soň­ra 1 möw­süm «Saarb­ru­ken» to­pa­ryn­da çy­kyş eden Bre­me 1981–1986-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da «Kai­zers­lau­terniň» köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. 2 möw­süm «Ba­wa­ri­ýa­da», 4 möw­süm «In­ter­de», 1 möw­süm «Sa­ra­go­sa­da» çy­kyş edip, 1993-nji ýyl­da tä­ze­den «Kai­zers­lau­tern» to­pa­ry­na do­lan­ýar. Bu klub­da ýe­ne-de 5 ýyl çy­kyş edip, 1998-nji ýyl­da kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­ýar. Ol klub­lar­da 623 oýun­da 80 gol ge­çir­ýär. Çep gy­ra­ky go­rag­çy, ýa­rym­go­rag­çy bo­lup oý­nan And­re­as Bre­me Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da 86 ge­zek çy­kyş ed­ýär. Ol şol oýun­lar­da 4-si Dün­ýä Ku­bo­gyn­da je­mi 8 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň iň ýat­da ga­lan esa­sy go­ly-da 1990-njy ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da Ar­gen­ti­na­nyň der­we­ze­sin­den 85