Dünýä Kubogynyň fi­na­lyn­da gol ge­çi­rip­di

23 Fewral 2024
621

Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ozal­ky ýyl­dyz­la­ryn­dan And­re­as Bre­me 63 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Ýü­re­ga­gy­ry­sy se­bäp­li has­sa­ha­na al­nyp gi­di­len Bre­me­ni ha­las et­mek ba­şart­ma­dy. Bu ba­ra­da «Bild» ga­ze­ti ha­bar ber­ýär. Ha­bar­da Bre­me­niň ozal­ky tä­lim­çi­si Frans Bek­ken­baue­riň ara­dan çyk­ma­gy­nyň tä­si­rin­den do­ly sap­la­nyp bil­män­di­gi hem bel­le­nil­ýär.

1960-njy ýy­lyň 9-njy no­ýab­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Ham­burg şä­he­rin­de dün­ýä inen And­re­as Bre­me 1978-nji ýyl­da şä­he­riň «Barm­bek-Ulen­horst» klu­bun­da fut­bo­la baş­lap, bu ýer­de 2 ýyl oý­na­ýar. Soň­ra 1 möw­süm «Saarb­ru­ken» to­pa­ryn­da çy­kyş eden Bre­me 1981–1986-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da «Kai­zers­lau­terniň» köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. 2 möw­süm «Ba­wa­ri­ýa­da», 4 möw­süm «In­ter­de», 1 möw­süm «Sa­ra­go­sa­da» çy­kyş edip, 1993-nji ýyl­da tä­ze­den «Kai­zers­lau­tern» to­pa­ry­na do­lan­ýar. Bu klub­da ýe­ne-de 5 ýyl çy­kyş edip, 1998-nji ýyl­da kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­ýar. Ol klub­lar­da 623 oýun­da 80 gol ge­çir­ýär. Çep gy­ra­ky go­rag­çy, ýa­rym­go­rag­çy bo­lup oý­nan And­re­as Bre­me Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da 86 ge­zek çy­kyş ed­ýär. Ol şol oýun­lar­da 4-si Dün­ýä Ku­bo­gyn­da je­mi 8 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň iň ýat­da ga­lan esa­sy go­ly-da 1990-njy ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da Ar­gen­ti­na­nyň der­we­ze­sin­den 85-nji mi­nut­da sag aýa­gy bi­len ge­çi­ren pe­nal­ti go­ly bol­ýar. Şol gol bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar.