Sazyň hem sportuň sazlaşygy

23 Fewral 2024
420

Ynsan saglygyny has-da pugtalandyrýan sport görnüşleriniň biri-de aerobikadyr. Aerobika – depginli gimnastika, ýagny saza goşup ýerine ýetirilýän sagaldyş maksatly fiziki maşklardyr.

Ol öz gözbaşyny 1968-nji ýyldan alyp gaýdar. Şol ýyl lukman Kennet Kuper özüniň saglygy berkidiş aerobika bilen bagly maşklaryna degişli geçiren ylmy gözlegleriniň netijelerine esaslanýan ilkinji kitabyny çap etdirýär. Şondan soňam «aerobika» sözi halk köpçüligine giňden ýaýrap ugraýar.  1969-njy ýylda bolsa Jekki Sorenson Kennet Kuper bilen bilelikde tans hereketleri esasynda fitnes türgenleşigini esaslandyrýar. 1980-nji ýyllarda sportuň bu görnüşi uly meşhurlyga eýe bolýar.

Mähriban ANNAGURBANOWA,
TDB we SI-niň bedenterbiýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.