Meýdançada ýaş pälwanlar

23 Fewral 2024
556

Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda ussat pälwanlaryň, sporty hemra edinýän ýaşlaryň sanynyň artýandygyny geçirilýän ýaryşlaryň mysalynda hem görmek mümkin. Biz Watanymyzyň sport abraýynyň artmagyna goşant goşýan ýaşlaryň barha kämilleşmeklerini maksat edinip, dürli sport ýaryşlaryny yzygiderli guraýarys. Sport mekdebimizde erkin göreş boýunça etrabyň birinjiligi ugrunda geçirilen açyk çempionat hem pälwanlaryň tejribe toplamaklary üçin uly mümkinçilik boldy. Ýaryşa türgenleriň 70-den gowragy gatnaşyp, agram derejeleriň 9-sy boýunça öz aralarynda güýç synanyşdylar.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Allanur Ýegenow 35, Aýmyrat Saparow 38, Ahmet Ezizow 41, Resul Jumadurdyýew 44, Begenç Weliýew 52, Perhat Agajanow 57, Azat Akmämmedow 62, Şatlyk Çaryýew 65, Söhbet Pederow 71 kilograma çenli agram derejeleri boýunça birinji orny eýelediler. Ýaşlaryň nobatdaky üstünliklerinde tälimçiler Geldimyrat Aşyrowyň we Ýolly Gurbangeldiýewiň mynasyp paýy bar.

Täçmyrat ŞAMUHAMMEDOW,
Saýat etrabyndaky 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi.