Gyzykly geçen ýaryşlar

23 Fewral 2024
400

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşi etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde sport mekdebiniň ýaş türgenleriniň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirdi.

Sportuň bu görnüşine bolan höwesi artdyrmak, ýaşlaryň saglygyny berkitmek maksady bilen geçirilen ýaryş diýseň çekeleşikli we gyzykly häsiýete eýe bolup, oňa gatnaşan türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Netijede, birinji we ikinji orunlara degişlilikde Sapardurdy Hydyrowyň tälimçilik edýän «Hazar» we «Altyn Asyr» toparlary, üçünji orna Annamämmet Hydyrowyň tälimçilik etmegindäki «Ýaşlyk» topary mynasyp boldular.