«Milan» 2-nji orna geçmekden ýüz öwürdi

23 Fewral 2024
378

Myh­man­çy­lyk­da «Mon­za» bi­len du­şu­şan «Mi­lan» gar­şy­da­şyn­dan il­kin­ji ge­zek utul­dy. 4–2 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len «Mi­lan» to­pa­ry 2-nji ýa­ry­my 1 oýun­çy kem oý­na­dy. 1-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da emi­niň bel­län pe­nal­ti­si­ni dürs uran Pes­si­na ýer eýe­le­ri­ni öňe çy­kar­dy. Bu gol­dan 6 mi­nut soň, has ta­ky­gy, 45+6-njy mi­nut­da Mo­ta­nyň owa­dan go­lun­dan soň ha­sap 2–0-a ýet­di. 2-nji ýa­ry­myň ba­şyn­da-da «Mi­la­nyň» hü­jüm­çi­si Lu­ka Ýo­wiç gy­zyl kart alyp, to­pa­ry­ny çykgynsyz ýagdaýda goý­dy. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, 2-nji ýa­ry­ma Ži­ru, Pu­li­şiç, Leao da­gy bi­len baş­lan «Mi­lan» ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. 65-nji mi­nut­da Ži­ru, 88-nji mi­nut­da-da Pu­li­şi­çiň ta­kyk ur­gu­la­ry bi­len «Mi­lan» 1 utu­ga go­laý­la­dy. Ýö­ne edil 1-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da bol­şy ýa­ly, 2-nji ýa­ry­myň hem soň­ky mi­nut­la­ryn­da «Mi­lan» deň­li­gi sak­lap bil­me­di. 90-njy mi­nut­da Bon­bo­nyň go­ly bi­len öňe ge­çen «Mon­za­nyň» «Mi­lan­dan» kä­ren­de­si­ne alan hü­jüm­çi­si Ko­lom­bo 90+5-nji mi­nut­da oý­na soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şun­luk­da, «Mi­lan» «Ýu­wen­tu­syň» utuk ýi­ti­ren tap­gy­ryn­da 2-nji or­na geç­mek müm­kin­çi­li­gin­den ýer­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­di. «Mi­lan» çem­pio­nat­da 10 oýun­dan soň ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.