"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Garaşsyzlygyň beren bagty

Bu gün başymyzyň täjine deňeýän mukaddes Garaşsyzlygymyz her birimize bagtyýarlyk eçilýär. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler biziň bu günki bagtyýarlygymyzyň gönezligidir. Elbetde, bu gün Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler Watanymyzyň taryhy ösüşlerini şertlerdirýär. Ähli ulgamlarda gazanylýan ajaýyp üstünlikler bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara arenasyndaky abraýyny günsaýyn pugtalandyrýar. Şeýle taryhy sepgitler milli sportumyzyň ýyl ýazgysyny hem yzygiderli bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň halkara ykrarnamasyna eýe bolýan sport diplomatiýasy türkmen sportuny ajaýyp menzillere ýetirýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp sport desgalarydyr binalary, Watanymyzda geçirilýän halkara ähmiýetli sport baýramçylyklary şol menzilleriň möhüm bölegini emele getirýär. Elbetde, Arkadag Prezidentimiziň bu ugurdaky nusgalyk göreldesini bolsa bütin halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygyny gazanmakda bahasyna ýetip bolmajak möhüm ädim hasaplamak bolar.

Taryhy üstünlige ýetiren menziller

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde Watanymyzyň döwrebap ösüşleri, ýeten belent sepgitleri hem-de gazanylan üstünlikler hakynda söhbet etmek diýseň ýakymly. Çünki taryh üçin örän gysga döwür bolan şol 30 ýylda ädilen taryhy ädimleriň, amal edilen beýik başlangyçlaryň, ajaýyp ösüşleriň, iňňän uly özgerişleriň, şanly wakalaryň ähmiýeti boýunça asyrlara barabardygyny buýsanç bilen bellemelidiris.

Ajaýyp stadionyň köpugurly mümkinçilikleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygy jemgyýetimiz üçin, aýratyn hem, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaşlar üçin iň ajaýyp göreldedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik ösüşlere eýe boldy. Bu ugurda Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän ajaýyp hem giň gerimli mümkinçilikleri, şertleri özünde jemleýän köpugurly sport desgalarynyň orny diýseň uludyr. Paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony hem şeýle ähmiýetli desgalaryň biridir. Onda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilendir. 20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadion açyk sport we türgenleşik meýdançalaryny birleşdirýär. Onuň çäginde amatly garbanyşhana we awtoulaglar üçin duralgalar ýerleşýär. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri-de köpugurlylygy bilen baglydyr. Onda emeli düşekli futbol meýdançasy, ýeňil atletikaçylar üçin tartan düşekli ylgaw ýodajyklary, uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek üçin meýdança, şeýle-de gimnastika ýaryşlary we türgenleşikler üçin meýdançalar ýerleşdirilendir. Mundan başga-da, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň binasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin türgenleşik zallarynyň 17-si bar. Munuň özi ol ýerde sag

Welaýatlardan habarlar

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän «Balkan» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Kim çalasyn, kim çeýe?» at bilen sport bäsleşikleri geçirildi. Çagalaryň bu bäsleşigi diýseň täsirli we çekeleşikli boldy. Onuň ahyrynda ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde oňat dynç almak babatda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Sport mekdeplerinde

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebinde çagalar sportuň suwda ýüzmek, suwa bökmek, suwda pökgi oýnamak ýaly görnüşleri boýunça tälim alýarlar. Suwa bökmek boýunça uly hem-de kiçi toparlary öz içine alýan bölüme çagalar 6-7 ýaşdan kabul edilýär. Mälim bolşy ýaly, sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak bedeniň oňurga, bogun hem bil myşsalaryny berkidip, nerw dartgynlygyny aýyrýar, gan aýlanyşygy gowulandyryp, bedeni syrdam edýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, islendik ýaşdaky adamlar hepde-de 2 gezekden 25 minutyň dowamynda suwda ýüzende, bedende bolýan ýaramly üýtgeşmeler öz-özünden ýüze çykýar.

Dabaraly duşuşyk

Gözel Diýarymyzda ýaş nesliň başarnygyny ýüze çykarmak, ösdürmek we ylym-bilime höwesini artdyrmak sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmegini gazanmak maksady bilen, köpugurly hem netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Büzmeýin etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Büzmeýin etrap geňeşiniň, TDP-niň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Şeýle hem, çagalar sportuň dürli görnüşleri, milli oýunlar boýunça özara bäsleşdiler.

Türkmen sporty

Bagtyýar döwürli türkmenime ýar,Gün-günden gülleýän türkmen sporty.Altyn-kümüş medal bolup dolanýar,Gün-günden gülleýän türkmen sporty. Halka saglyk, bagtyýarlyk eçilen,Şanly ýollar ýeňiş bilen geçilen.Bu gün saňa röwşen ýollar açylan,Gün-günden gülleýän türkmen sporty.

TFF-niň täzelikleri

Mary şäheriniň «Merw» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öň ýany tejribeli goragçy Bagtyýar Hojaahmedowy düzümine geçirdi. 36 ýaşly bu goragçynyň 2011-2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda «Merw» toparynda çykyş edendigini bellemek gerek. B.Hojaahmedow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem çykyş etdi. Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň «Merw» topary geçen ýyl ýurdumyzyň futbol çempionatynda 6-njy orny eýeledi.

Halypa tälimçi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak, ilatymyzyň jan saglygyny goramak ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Munuň özi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy, janlarynyň sag, berk bedenli bolmaklary üçin edilýän aladalar bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary bolsa köp derejede tälimçilere, bedenterbiýe mugallymlaryna baglydyr. Şeýle halypalaryň biri hem Türkmenistanyň Serhet institutynyň bedenterbiýe mugallymy, tejribeli tälimçi Aman Meredowdyr. Aman mugallym heniz çaga wagty futbol oýny bilen gyzyklanyp başlaýar. Onuň futbol oýnuna bolan gyzyklanmasy kakasyny diýseň begendirýärdi. Şunlukda, onuň kakasy öz oglunyň arzuw edýän käriniň eýesi bolmagy üçin çynlakaý alada edip başlaýar. Amany futbol tälimçisi Oraz Geldiýewiň türgenleşdirýän toparyna alyp barýar. Ol öz tälimçisinden futbolyň inçe tilsimlerini, pökgini derwezä dürs depmegiň usullaryny öwrenýär we orta mekdepde okaýan döwürlerinde Türkmenistanda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Halypa tälimçi zehinli oýunçy Amanyň erjelligine göz ýetirip, onuň bilen aýratynlykda türgenleşik işlerini hem geçirip ugraýar. Türgenleşikleri özbaşdak, irginsiz, arman-ýadaman ýerine ýetirmegiň zerurdygy, diňe şeýle edilse, gelejekde üstünlikle

Hormatly ene-atalar we çagalar!

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebi täze okuw ýyly üçin 2010 — 2012-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlary sportuň basketbol, gandbol, futbol, tennis, taýboks we söweş sambosy görnüşleri boýunça türgenleşik sapaklaryna çagyrýar. Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň 9-njy sektory.

Messili meselä seljerme

Argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messiniň «Barselonadan» PSŽ toparyna geçenine iki hepde dagy boluberdi. Ol hakynda köp zatlar aýdyldy, ýazylan zatlaram az bolmady. Garaz, soňky günleriň esasy wakasyna öwrülen bu alyş-çalşygyň gowry häli-häzirem ýatanok. Köpler Messiniň bu ýagdaýda dogry hereket edendigini aýtsalar, «Eger ol katalon klubunda galasy gelse, galardy» diýýänlerem tapylýar. Köplük diýleni-dä. Bu ýagdaýa hernäçe düşünmäge çalyşsaň-da, düşünmesi kyn zatlar has agdyklyk edýän ýaly. Elbetde, «Barselonadan» gitmeli boljakdygyny bilen wagty Messiniň ýörite geçiren metbugat ýygnanyşygynda döken gözýaşynyň ýürekden çykandygyny hiç kim inkär edip bilmese gerek. Geliň, gowusy bolup geçen bu ahwala töwerekleýin syn bermäge çalşalyň. Messiniň gözýaşy

Taryhda şu gün

Umumytoparlaýyn bäsleşikde 121 medal toplan (46 altyn, 37 kümüş, 38 bürünç) ABŞ-nyň ýygyndysy öňdeligi eýeledi. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde 67 medal toplan Beýik Britaniýanyň (27-23-17) hem-de 70 medaly bolan Hytaýyň (26-18-26) ýygyndylary eýelediler.

«Se­rie A»-nyň 90-njy möw­sü­mi baş­la­ýar

Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy li­ga­la­ryn­dan Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-nyň tä­ze möw­sü­mi­ne er­tir ba­dal­ga ber­ler. Bu möw­süm «Se­rie A»-nyň 90-njy, Ita­li­ýa­nyň iň ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň 120-nji möw­sü­mi bo­lar. Çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gär­le­ri hök­mün­de «Ýu­wen­tu­sy», soň­ky çem­pi­on «In­te­ri», «Ro­ma­ny», «Mi­la­ny» hem-de «Ata­lan­ta­ny» gör­kez­mek bo­lar. Çem­pio­nat 21-nji aw­gust­da baş­lap, gel­jek ýy­lyň 22-nji ma­ýyn­da ta­mam­la­nar.Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň Ýew­ro­pa­da çem­pi­on bol­ma­gy­nyň çem­pio­na­ta nä­hi­li oňaý­ly tä­si­ri­niň bol­jak­dy­gy­ny wagt gör­ke­zer. Ro­nal­do­nyň trans­fe­ri bi­len az­da-kän­de ab­ra­ýy ýo­kar­la­nan «Se­rie A»-da bu möw­süm­de azy ýa­ran trans­fer wa­ka­sy bol­ma­dy. Gaý­tam Ro­me­lu Lu­ka­ku ýa­ly ýyl­dyz hü­jüm­çi «Se­rie A»-dan gaýt­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, esa­san hem tä­lim­çi­le­riň bäs­le­şi­gi­ne öw­rül­jek çem­pio­na­tyň 90-njy ýu­bi­leý möw­sü­min­de haý­sy to­pa­ryň maý aýyn­da ar­zy­ly ku­bo­gy eýe­le­jek­di­gi jan­kö­ýer­le­ri gy­zyk­lan­dyr­man du­ra­nok.«ÝU­WEN­TUS». Iki ýyl­dan soň tä­ze­den to­pa­ryň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nen Mas­si­mi­lia­no Al­le­ge­ri­niň we onuň şä­girt­le­ri­niň il­kin­ji no­bat­da­ky mak­sa­dy bir möw­süm­lik ara­kes­me ber­len çem­pi­on­lyk ýo­lu­na gaý­ta­dan do­lan­mak. Ro­nal­do, Kie­za, Di­ba­la, Mo­ra­ta, Ki­el­li­ni, Bo­nuç­çi ýa­ly

«Şerif» topary Çempionlar ligasynyň bosagasynda

UEFA Çempionlar ligasynda çykyş etjek soňky 6 topary kesgitleýän pleý-off tapgyrynyň birinji oýunlarynyň 3-si düýn oýnaldy. Moldowanyň Şeriff topary öz meýdançasynda Dinamo Zagrebi 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Tiraspol şäheriniň toparyna ýeňiş getiren gollary Adama Traore bilen Dimitris Kolowos derwezä girizdi. Jogap duşuşygynda Dinamo Zagreb özüne gerekli hasap bilen ýeňiş gazanyp bilmese, onda Şeriff Tiraspol topary Çempionlar ligasyn toparçalarynda çykyş etjek täze topar bolar. Düýnki oýunlaryň birinde Şahtýor Donesk myhmançylykda Fransiýanyň güýçli kluby Monakony Pedrinionionyň ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňip, bir ädim öňe saýlandy.

Futbol äleminden ýene bir ýyldyz süýndi

Dünýä futbolyndan ýene bir ýyldyz süýndi. Diego Maradona, Paolo Rossi, ine-de Gerd Müller. Dünýä futbolynyň super hüjümçileriniň hatarynda görkezilýän germaniýaly Gerd Müller 75 ýaşynda aradan çykdy. Depeni gol bolýan Müller köp wagtdan bäri alsgeýmer keseline garşy göreş alyp barýardy. 1945-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Germaniýanyň Nordlingen şäherçesinde dünýä inen Gerd Müller 1963-nji ýylda şol şäherçäniň 1861 Nordlingen toparynda futbola başlaýar. Bir ýyldan soň özüne uly şöhrat, ençeme ýeňişler, kuboklar gazandyrjak Bawariýanyň düzümine goşulýar. 16 möwsüm münhenlileriň hatarynda çykyş eden Gerd Müller Bawariýada 605 oýunda 563 gol geçirdi. Karýerasynyň ahyrynda ABŞ-nyň Fort Lauderdeýl Straýkers klubunda 3 möwsüm oýnan Müller klublarda jemi 716 duşuşykda 654 gezek tapawutlanýar. Karýerasy boýunça jemi 17 gezek iň netijeli futbolçy bolmagy başaran Müller Bawariýa bilen Bundesligada 4 çempionlyk gazanýar, yzly-yzyna-da 3 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny eýeleýär. Milli ýygyndyda oýnan oýnundan köp gol geçiren Gerd Müller 62 duşuşykda 68 pökgini derwezä girizýär. Käbir sebäplerden milli ýygyndyny ir taşlan Gerd Müller Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy bilen Ýewropanyň (1972) hem-de Dünýäniň çempiony (1974) hem bolmagy başarýar. “Der Bomber” lakamly Gerd Müller 1970-nji ýylda “Ballon d’Or” baýragyna-da laýyk görülýär.

“Bawariýanyň” 9-njy Super Kubogy

Germaniýanyň Super Kubogy duşuşygynda Bawariýa ýeňiş gazandy. Dortmund şäherinde oýnalan duşuşykda ýerli Borussiýa toparyny 3-1 hasabynda ýeňen Bawariýa yzly-yzyna 2-nji, umumylykda-da 9-njy gezek bu kubogy eýelemegi başardy. Bawariýa ýeňiş getiren gollaryň ikisini Robert Lewandowski, beýlekisini-de Tomas Müller öz atlaryna ýazdyrdylar. Borussiýa Dortmunyň ýeke-täk goluny-da Marko Roýs derwezä girizdi. Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Robert Lewandowskiniň ozalky kluby Borussiýa Dortmundyň derwezesinden girizen gollarynyň sany 24 oýunda 24-e ýetdi.

Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy

Belgiýada geçirilen Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 8-nji ýaryşynda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň sürüjisi Tierri Noýwill ýeňiji boldy. Belgiýaly sürüji 20 tapgyrdan ybarat bolan 295,78 kilometrlik ýaryşy 2 sagat 30 minut 24,2 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 14-nji ýeňşidir. Noýwilliň irlandiýaly topardaşy Kreýg Brin 30,7 sekunt gijä galyp, 2-nji ýeri ýeri eýeledi. “Toyota Gazoo” toparynyň fin piloty Kalle Rowanpera ýeňijiden 43,1 sekunt az netije bilen 3-nji orna mynasyp boldy. Dünýä Ralli çempionatynda tamamlanan 8 ýaryşdan soň “Toyota Gazoo” toparynyň fransuz piloty Sebastian Ožie 162 utuk bilen öňdäki orny eýeleýär. 124 utukly britaniýaly Elfin Ewans bilen belgiýaly Tierri Noýwill 2-3-nji ýerleri paýlaşýarlar.

«Los An­je­les Leý­kers» dü­zü­mi­ne 2 ýyl­dy­zy goş­dy

  NBA-nyň iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan iki to­pa­ry­nyň bi­ri – «Los An­je­les Leý­kers» dü­zü­mi­ne dün­ýä ýyl­dyz­la­ry­nyň iki­si­ni goş­dy. To­par «trip­le-do­ub­le» ha­sa­bat­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy­sy «Wa­şing­ton Wi­zards» to­pa­ry­nyň oýun­çy­sy Ras­sel Westb­ruk bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 2020-nji ýy­lyň çem­pio­ny «Leý­kers» 32 ýa­şyn­da­ky Westb­ru­ga ýyl­lyk 44 mil­li­on dol­lar tö­lär. Dün­ýä ýyl­dy­zy LeB­ron Jeým­siň çy­kyş ed­ýän to­pa­ry «LA Leý­kers» Westb­ru­gyň de­re­gi­ne «Wa­şing­ton Wi­zards» to­pa­ry­na 3 bas­ket­bol­çy­sy­ny – Kaýl Kuz­ma­ny, Mont­rez Har­rel­li hem-de Ken­ta­wi­us Kald­well-Pou­py, şeý­le-de, 2024-nji we 2028-nji ýyl­lar­da­ky ikin­ji tap­gyr­da «draft» et­mek hu­ku­gyny ber­di.«LA Leý­kers» Westb­ruk­dan soň, baş­ga bir ýyl­dyz bas­ket­bol­çy Kar­me­lo En­to­ni­ni hem dü­zü­mi­ne goş­dy. 37 ýa­şyn­da­ky ýyl­dyz oýun­çy 1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. En­to­ni soň­ky 2 möw­sü­mi «Port­lend Treýl Bleý­zers­de» ge­çi­rip, ol on­dan öň «Den­wer Nag­gets» (2003–11), «Nýu Ýork Niks» (2011–17), «Ok­la­ho­ma Si­ti Tan­der» (2017–18) hem-de «Hýus­ton Ro­kets» (2018–19) to­par­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni geýip­di.Şeý­le-de, «Gol­den Steýt War­riors» to­pa­ry ýyl­dyz oýun­çy­sy Ste­fen Kör­ri bi­len 4 ýyl üçin 215 mil­li­on dol­lar­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. «Dal­las Ma­we­riks» to­pa­ry-da 22 ýa­şyn­da­ky slo­we­

Awstriýada Baýnder ýeňiji boldy

  Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 11-nji ýa­ry­şy Awst­ri­ýa­da ge­çi­ril­di. Spil­berg şä­he­rin­dä­ki 4,3 ki­lo­metr­lik «Red Bull» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Red Bull KTM» to­pa­ry­nyň Gü­nor­ta Af­ri­ka­ly sü­rü­ji­si Bred Baýn­der ýe­ňiş ga­zan­dy. 26 ýaş­ly sü­rü­ji 28 aý­la­wy 40 mi­nut 46,928 se­kunt­da ge­çip, kar­ýe­ra­syn­da­ ikin­ji ge­zek bi­rin­ji orny eýe­le­di. On­dan 9,991 se­kunt yza ga­lan «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ita­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia bi­len 11,570 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len «Ducati Pra­mac Racing» to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly sürüjisi Hor­ge Mar­tin de­giş­li­lik­de, 2-3-nji orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar.Ge­çi­ri­len 11-nji bäs­le­şik­den soň, Awst­ri­ýa «Gran Pri­sin­de» 7-nji ýe­ri eýe­län fran­si­ýa­ly Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro 181 utuk bi­len 1-nji orun­da bar­ýar. 2-3-nji ýer­le­ri paý­laş­ýan ita­li­ýa­ly Fran­çes­ko Ba­naia bi­len is­pa­ni­ýa­ly Žo­an Mi­riň 134 utu­gy bar.Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 29-njy aw­gust­da Ang­li­ýa­nyň Sil­wers­to­un şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.  

«Pre­mi­er Li­ga­nyň» 50-nji to­pa­ry – «Brent­ford»

Dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy fut­bol çem­pio­na­ty ha­sap­lan­ýan Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­sy­nyň» tä­ze to­pa­ry «Brent­ford» klu­bu­dyr. 131 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek ýo­ka­ry li­ga çy­kan Lon­don şä­he­ri­niň we­ki­li mun­dan öň 1934/35 möw­sü­min­de Ikin­ji liganyň çem­pio­ny bol­ýar we Bi­rin­ji liga (hä­zir­ki «Pre­mi­er Li­ga») çyk­ýar. 1889-njy ýy­lyň 10-njy okt­ýab­ryn­da esas­lan­dy­ry­lan to­pa­ryň şu wag­ta çen­li ga­za­nan iň uly ba­şar­ny­gy-da Ikin­ji liganyň çem­pi­on­ly­gy­dyr. Ir­ki ýyl­lar­da Lon­don li­ga­syn­da-da çy­kyş eden klub köp ýyl­la­ry­ny 3-nji we 4-nji liga­lar­da ge­çir­ýär. Lon­don şä­he­ri­niň gün­ba­ta­ry­nyň to­pa­ry bo­lan «Brent­ford» öz ýer­li du­şu­şyk­la­ry­ny 17 250 orun­lyk «Brent­ford Com­mu­ni­ty» sta­dio­nyn­da oý­na­ýar. «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» to­par­la­ryň ara­syn­da­ky iň az to­ma­şa­çy­ly sta­di­on bol­ma­gy-da klu­buň ta­ry­hy ba­ra­da bi­ze ýe­ter­lik mag­lu­mat ber­ýär.2014/15 möw­sü­min­de 2-nji li­ga, ýag­ny «Cham­pions­hip»-e çy­kan «Brent­ford» to­pa­ry soň­ky iki möw­süm­de 3-nji ýe­ri eýe­läp, pleý-off tap­gy­ryn­da çy­kyş edýär. 2020/21 möw­sü­min­de «Ful­ham­dan» as­gyn ge­len «Brent­ford» bu ge­zek «Swan­si Si­ti» bi­len du­şuş­ýar. Pleý-of­fuň fi­na­lyn­da il­kin­ji 20 mi­nut­da To­ni we Mar­kon­de­siň ge­çi­ren gol­la­ry bi­len gar­şy­da­şy­ny 2-0 ýe­ňen «Brent­ford» 73 ýyl­dan soň fut­bo­lyň wa­