Dabaraly duşuşyk

20 Awgust 2021
851

Gözel Diýarymyzda ýaş nesliň başarnygyny ýüze çykarmak, ösdürmek we ylym-bilime höwesini artdyrmak sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmegini gazanmak maksady bilen, köpugurly hem netijeli işler alnyp barylýar.

Golaýda Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Büzmeýin etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Büzmeýin etrap geňeşiniň, TDP-niň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Şeýle hem, çagalar sportuň dürli görnüşleri, milli oýunlar boýunça özara bäsleşdiler.

Pena MYRATGULYÝEW,
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygynyň Aşgabat şäheri boýunça orunbasary.