Welaýatlardan habarlar

20 Awgust 2021
869

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän «Balkan» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Kim çalasyn, kim çeýe?» at bilen sport bäsleşikleri geçirildi. Çagalaryň bu bäsleşigi diýseň täsirli we çekeleşikli boldy. Onuň ahyrynda ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde oňat dynç almak babatda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.