«Pre­mi­er Li­ga­nyň» 50-nji to­pa­ry – «Brent­ford»

20 Awgust 2021
1023

Dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy fut­bol çem­pio­na­ty ha­sap­lan­ýan Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­sy­nyň» tä­ze to­pa­ry «Brent­ford» klu­bu­dyr. 131 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek ýo­ka­ry li­ga çy­kan Lon­don şä­he­ri­niň we­ki­li mun­dan öň 1934/35 möw­sü­min­de Ikin­ji liganyň çem­pio­ny bol­ýar we Bi­rin­ji liga (hä­zir­ki «Pre­mi­er Li­ga») çyk­ýar. 1889-njy ýy­lyň 10-njy okt­ýab­ryn­da esas­lan­dy­ry­lan to­pa­ryň şu wag­ta çen­li ga­za­nan iň uly ba­şar­ny­gy-da Ikin­ji liganyň çem­pi­on­ly­gy­dyr. Ir­ki ýyl­lar­da Lon­don li­ga­syn­da-da çy­kyş eden klub köp ýyl­la­ry­ny 3-nji we 4-nji liga­lar­da ge­çir­ýär. Lon­don şä­he­ri­niň gün­ba­ta­ry­nyň to­pa­ry bo­lan «Brent­ford» öz ýer­li du­şu­şyk­la­ry­ny 17 250 orun­lyk «Brent­ford Com­mu­ni­ty» sta­dio­nyn­da oý­na­ýar. «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» to­par­la­ryň ara­syn­da­ky iň az to­ma­şa­çy­ly sta­di­on bol­ma­gy-da klu­buň ta­ry­hy ba­ra­da bi­ze ýe­ter­lik mag­lu­mat ber­ýär.
2014/15 möw­sü­min­de 2-nji li­ga, ýag­ny «Cham­pions­hip»-e çy­kan «Brent­ford» to­pa­ry soň­ky iki möw­süm­de 3-nji ýe­ri eýe­läp, pleý-off tap­gy­ryn­da çy­kyş edýär. 2020/21 möw­sü­min­de «Ful­ham­dan» as­gyn ge­len «Brent­ford» bu ge­zek «Swan­si Si­ti» bi­len du­şuş­ýar. Pleý-of­fuň fi­na­lyn­da il­kin­ji 20 mi­nut­da To­ni we Mar­kon­de­siň ge­çi­ren gol­la­ry bi­len gar­şy­da­şy­ny 2-0 ýe­ňen «Brent­ford» 73 ýyl­dan soň fut­bo­lyň wa­ta­ny­nyň iň uly li­ga­sy­na do­lanýar. «Brent­ford» ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek «Pre­mi­er Li­ga­da» çy­kyş ed­ýär. «Pre­mi­er Li­ga­da» çy­kyş ed­ýän 50-nji klu­b hök­mün­de ha­sa­ba al­nan «Brent­ford» mu­ny ba­şa­ran 9-njy Lon­don to­pa­ry­dyr.

DANIÝALYLARYŇ GOŞANDY ULY
«Ary­lar» (The Be­es) la­kam­ly to­pa­ryň «Pre­mi­er Li­ga» çyk­ma­gyn­da da­ni­ýa­ly tä­lim­çi To­mas Fran­kyň ta­gal­la­sy ulu­dyr. 2016-njy ýyl­da kö­mek­çi tä­lim­çi bo­lup işe baş­lan Frank 2018-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da baş tä­lim­çi­li­ge bel­le­nil­ýär. Onuň tä­lim­çi­li­gin­de il­kin­ji möw­sü­min­de 11-nji, soň­ky 2 möw­süm­de-de 3-nji ýe­ri eýe­län «Brent­ford» ahy­ry «Pre­mi­er Li­ga» çy­kyp, 180 mil­li­on funt ster­ling­lik pul baý­ra­gy­ny ga­zan­ýar.
To­pa­ryň «Pre­mi­er Li­ga» çyk­ma­gyn­da da­ni­ýa­ly tä­lim­çi bi­len bir ha­tar­da, da­ni­ýa­ly fut­bol­çy­la­ryň hem go­şan­dy ulu­dyr. Ma­ti­as Ýen­sen, Kris­ti­an Nor­gor, Hen­rik Dals­gor, Emi­lia­no Mar­kon­des, Mads Beh So­ren­sen, Mads Roers­lew Ras­mus­sen, Mads Bidst­rup hem-de Lu­ka Ra­çiç da­gy, je­mi 8 da­ni­ýa­ly fut­bol­çy­ to­pa­ryň «Pre­mi­er Li­ga­nyň» we­ki­li bol­ma­gyn­da esa­sy ro­ly oý­na­ýar. To­pa­ryň dü­zü­min­de hä­zir­ki wagt­da 31 fut­bol­çy bo­lup, ola­ryň 25-si da­şa­ry ýurt­ly fut­bol­çy­lar­dyr. Şo­lar­dan 6-sy da­ni­ýa­ly, 4-si is­pa­ni­ýa­ly, 2-si şwe­si­ýa­ly bo­lup, Pon­tuss Ýans­son (Şwe­si­ýa) to­pa­ryň ka­pi­ta­ny bo­lup çy­kyş ed­ýär.
To­pa­ra da­ni­ýa­ly­la­ryň go­şan­dy di­ňe tä­lim­çi ýa-da fut­bol­çy lar ta­ra­pyn­dan bol­mak bi­len çäk­len­me­ýär. To­pa­ryň eýe­si, mil­lio­ner Matt­ýuw Be­nam şol bir wag­tyň özün­de Da­ni­ýa­nyň soň­ky ýyl­lar­da şow­ly ne­ti­je­ler ga­zan­ýan «Midt­ýul­lan» to­pa­ry­nyň hem eýe­si­dir. «Midt­ýul­lan» to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ryn­dan ang­li­ýa­ly Kliff Krow­n şol bir wag­tyň özün­de «Brent­ford» to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­sin­de hem iş­le­ýär. Dü­zü­min­dä­ki oýun­çy­la­ryň trans­fer gym­ma­ty 164 mil­li­on ýew­ro deň bo­lan «Brent­for­dyň» Lon­don­da­ky iň esa­sy bäs­deş­le­ri, has ta­ky­gy, iň ýa­kyn der­bi bäs­deş­le­ri «Kuins Park Reýn­jers» bi­len «Ful­ham» to­par­la­ry­dyr.
To­par «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» 73 ýyl­dan soň­ky il­kin­ji du­şu­şy­gyn­da «Ar­se­na­ly» Ser­hi Ka­nos we Kris­ti­an Nor­go­ryň gol­la­ry bi­len 2-0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, möw­sü­me ýe­ňiş­li baş­la­ýar. Du­şu­şyk­da ta­pa­wut­la­nan is­pa­ni­ýa­ly Ka­nos to­pa­ryň il­kin­ji go­lu­ny ge­çi­rip, ady­ny ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýaz­dyrýar. Li­ga­da gal­mak üçin gö­reş alyp bar­jak to­par­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän klu­buň çem­pio­na­tyň ymyk­ly we­kil­le­ri­niň bi­ri bol­jak­dy­gy­ny ýa-da bol­ma­jak­dy­gy­ny wagt gör­ke­zer.