Garaşsyzlygyň beren bagty

20 Awgust 2021
900

Bu gün başymyzyň täjine deňeýän mukaddes Garaşsyzlygymyz her birimize bagtyýarlyk eçilýär. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler biziň bu günki bagtyýarlygymyzyň gönezligidir. Elbetde, bu gün Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler Watanymyzyň taryhy ösüşlerini şertlerdirýär.

Ähli ulgamlarda gazanylýan ajaýyp üstünlikler bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara arenasyndaky abraýyny günsaýyn pugtalandyrýar. Şeýle taryhy sepgitler milli sportumyzyň ýyl ýazgysyny hem yzygiderli bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň halkara ykrarnamasyna eýe bolýan sport diplomatiýasy türkmen sportuny ajaýyp menzillere ýetirýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp sport desgalarydyr binalary, Watanymyzda geçirilýän halkara ähmiýetli sport baýramçylyklary şol menzilleriň möhüm bölegini emele getirýär. Elbetde, Arkadag Prezidentimiziň bu ugurdaky nusgalyk göreldesini bolsa bütin halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygyny gazanmakda bahasyna ýetip bolmajak möhüm ädim hasaplamak bolar.

Jemal GARAMESOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy.