«Los An­je­les Leý­kers» dü­zü­mi­ne 2 ýyl­dy­zy goş­dy

20 Awgust 2021
1046

  NBA-nyň iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan iki to­pa­ry­nyň bi­ri – «Los An­je­les Leý­kers» dü­zü­mi­ne dün­ýä ýyl­dyz­la­ry­nyň iki­si­ni goş­dy. To­par «trip­le-do­ub­le» ha­sa­bat­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy­sy «Wa­şing­ton Wi­zards» to­pa­ry­nyň oýun­çy­sy Ras­sel Westb­ruk bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 2020-nji ýy­lyň çem­pio­ny «Leý­kers» 32 ýa­şyn­da­ky Westb­ru­ga ýyl­lyk 44 mil­li­on dol­lar tö­lär. Dün­ýä ýyl­dy­zy LeB­ron Jeým­siň çy­kyş ed­ýän to­pa­ry «LA Leý­kers» Westb­ru­gyň de­re­gi­ne «Wa­şing­ton Wi­zards» to­pa­ry­na 3 bas­ket­bol­çy­sy­ny – Kaýl Kuz­ma­ny, Mont­rez Har­rel­li hem-de Ken­ta­wi­us Kald­well-Pou­py, şeý­le-de, 2024-nji we 2028-nji ýyl­lar­da­ky ikin­ji tap­gyr­da «draft» et­mek hu­ku­gyny ber­di.
«LA Leý­kers» Westb­ruk­dan soň, baş­ga bir ýyl­dyz bas­ket­bol­çy Kar­me­lo En­to­ni­ni hem dü­zü­mi­ne goş­dy. 37 ýa­şyn­da­ky ýyl­dyz oýun­çy 1 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. En­to­ni soň­ky 2 möw­sü­mi «Port­lend Treýl Bleý­zers­de» ge­çi­rip, ol on­dan öň «Den­wer Nag­gets» (2003–11), «Nýu Ýork Niks» (2011–17), «Ok­la­ho­ma Si­ti Tan­der» (2017–18) hem-de «Hýus­ton Ro­kets» (2018–19) to­par­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni geýip­di.
Şeý­le-de, «Gol­den Steýt War­riors» to­pa­ry ýyl­dyz oýun­çy­sy Ste­fen Kör­ri bi­len 4 ýyl üçin 215 mil­li­on dol­lar­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. «Dal­las Ma­we­riks» to­pa­ry-da 22 ýa­şyn­da­ky slo­we­ni­ýa­ly bas­ket­bol­çy­sy Lu­ka Don­çiç bi­len 5 ýyl­lyk tä­ze şert­na­ma gol çe­kiş­di. Don­çiç 5 ýyl üçin 207 mil­li­on dol­lar hak alar.