Futbol äleminden ýene bir ýyldyz süýndi

20 Awgust 2021
1004

Dünýä futbolyndan ýene bir ýyldyz süýndi. Diego Maradona, Paolo Rossi, ine-de Gerd Müller. Dünýä futbolynyň super hüjümçileriniň hatarynda görkezilýän germaniýaly Gerd Müller 75 ýaşynda aradan çykdy. Depeni gol bolýan Müller köp wagtdan bäri alsgeýmer keseline garşy göreş alyp barýardy.

1945-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Germaniýanyň Nordlingen şäherçesinde dünýä inen Gerd Müller 1963-nji ýylda şol şäherçäniň 1861 Nordlingen toparynda futbola başlaýar. Bir ýyldan soň özüne uly şöhrat, ençeme ýeňişler, kuboklar gazandyrjak Bawariýanyň düzümine goşulýar. 16 möwsüm münhenlileriň hatarynda çykyş eden Gerd Müller Bawariýada 605 oýunda 563 gol geçirdi. Karýerasynyň ahyrynda ABŞ-nyň Fort Lauderdeýl Straýkers klubunda 3 möwsüm oýnan Müller klublarda jemi 716 duşuşykda 654 gezek tapawutlanýar. Karýerasy boýunça jemi 17 gezek iň netijeli futbolçy bolmagy başaran Müller Bawariýa bilen Bundesligada 4 çempionlyk gazanýar, yzly-yzyna-da 3 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny eýeleýär. Milli ýygyndyda oýnan oýnundan köp gol geçiren Gerd Müller 62 duşuşykda 68 pökgini derwezä girizýär. Käbir sebäplerden milli ýygyndyny ir taşlan Gerd Müller Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy bilen Ýewropanyň (1972) hem-de Dünýäniň çempiony (1974) hem bolmagy başarýar. “Der Bomber” lakamly Gerd Müller 1970-nji ýylda “Ballon d’Or” baýragyna-da laýyk görülýär.