Ajaýyp stadionyň köpugurly mümkinçilikleri

20 Awgust 2021
1164

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygy jemgyýetimiz üçin, aýratyn hem, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaşlar üçin iň ajaýyp göreldedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik ösüşlere eýe boldy. Bu ugurda Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän ajaýyp hem giň gerimli mümkinçilikleri, şertleri özünde jemleýän köpugurly sport desgalarynyň orny diýseň uludyr. Paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony hem şeýle ähmiýetli desgalaryň biridir. Onda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilendir.

20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadion açyk sport we türgenleşik meýdançalaryny birleşdirýär. Onuň çäginde amatly garbanyşhana we awtoulaglar üçin duralgalar ýerleşýär. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri-de köpugurlylygy bilen baglydyr. Onda emeli düşekli futbol meýdançasy, ýeňil atletikaçylar üçin tartan düşekli ylgaw ýodajyklary, uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek üçin meýdança, şeýle-de gimnastika ýaryşlary we türgenleşikler üçin meýdançalar ýerleşdirilendir. Mundan başga-da, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň binasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin türgenleşik zallarynyň 17-si bar. Munuň özi ol ýerde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň saglygyny berkitmegi, ussat türgenleriň bolsa ýaryşlara ykjam taýýarlanmagy üçin ähli şertleriň bardygyny aýtmaga esas berýär.

Serdar ALLABAÝEW,
«Aşgabat» köpugurly stadionynyň dolandyryş bölüminiň baş energetigi.