"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar

11-nji sentýabrda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Şol günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar. Şol gün Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halky

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 37 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Özbegistandan, Pakistandan, Owganystandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gazagystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, awiakerosini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny hem-de karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 76 million 375 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Merkezi bankyna «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret Anonim Şirketi» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda söwda merkeziniň taslamasyny düzmek, meýdançanyň toprak işlerini ýerine ýetirmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we söwda merkezini 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary ýurtlaryň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Söwda toplumynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde meýilnama laýyklykda, zähmet düzgün-tertibi berkitmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen, düşündiriş, öňüni alyş boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň direktorlarynyň orunbasarlary, işgärler bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň başlyklary, şeýle-de kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory S.Geldiýewiň alyp barmagynda geçirilen çärede Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy M.Jumaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, polisiýanyň podpolkownigi N.Halymow, Türkmenitanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory J.Pygyýew dagy degişli mowzuklar boýunça giňişleýin çykyş etdiler.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýokarlanýar

Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy daşary ýurtlaryň gümrük edaralary, şeýle hem dürli halkara guramalar bilen özara hereketi işjeňleşdirýär. Muňa mysal hökmünde, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygy aýdyp bileris. Türkmenistan BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä Gümrük Guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasyna» 2013-nji ýylda resmi taýdan goşuldy. Bu Maksatnamanyň çygrynda Aşgabat şäherindäki Merkezi gümrük terminalynda, Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunda, Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda Port gözegçilik toparlary döredildi. Maksatnamanyň çäklerinde geçirilýän okuw çäreleri örän netijeli geçip, onda gümrük işgärleri konteýnerlerde ýaşyryn geçirmäge synanyşylýan gadagan harytlaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça gazanylan öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşýarlar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginde şu ýylyň 11-12-nji iýunynda Aşgabat şäherinde

Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň halkara ykrary

Maýa goýum — boýagyň guramagyna ýa-da otlaryň ösmegine syn etmek ýaly bolmaly. Eger tolgunmak isleseňiz, jübüňize 800 amerikan dollaryny salyň we Las-Wegasa gidiň. Bu diňe bir ykdysady ylymlar boýunça Nobel baýragynyň eýesi, amerikaly ykdysatçy Paul Entoni Samuelsonyň pikiri. Soňky ýyllarda diňe bir şahsyýet däl, eýsem, iri halkara maliýe guramalarynyň wekilleri, dünýäniň iň tejribeli ykdysatçylary maýa goýujylary Türkmenistana gönükdirýär. Eýse näme! Geografik ýerleşişi bilen diýjekmi, çogup duran tebigy baýlyklary bilen diýjekmi, garaz, Türkmenistan dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Ine, şu mümkinçilikler Türkmenistany daşary ýurtly maýadarlaryň arzuwlaýan mekanyna öwürdi-oturyberdi. Indi maýa goýmak üçin dünýäniň o ujuna gitmek gerek däl, dünýäniň merkezine — Türkmenistana geläýmeli. Elbetde, bu sözleri dünýä ykdysatçylary aýdýar. Biz muňa 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumyna hem-de ugurdaş sergä, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergä şaýat bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň möçberli forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitga

Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de sergi geçirildi

10-11-nji sentýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň («TIF — 2024») we ugurdaş serginiň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we sergi geçirildi. Oňa dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary, türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti çykyş etdi. Ol, öz gezeginde, Türkmenistanyň maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtlaryň hatarynda öňe saýlanýandygy, ägirt uly uglewodorod gory, nebiti we gazy gaýtadan işleýän, eksporta niýetlenilen polietilen, polipropilen ýaly ýokary hilli önümleri öndürýän milli önümçilige eýedigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «RID Batteries» kompaniýasynyň baş direktorynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agza-habarçysy, tehniki ylymlarynyň doktory Rahmanguly Esedullaýewiň, Koreýa Respublikasynyň «BHI Co. Ltd» kompa

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlament forumyna gatnaşdylar

Hywa şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara maslahaty geçirildi. Bu sebitleýin çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar wekilçilikli edaralaryň işini kämilleşdirmekde, zenan-gyzlaryň we ýaşlaryň döwletiň durmuş-ykdysady durmuşynda işjeňligini gazanmakda toplanan milli tejribeleri paýlaşdylar, şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze oňyn ýörelgeler barada çykyş etdiler. Maslahat Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlamentler derejesinde goldamaga, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurtda durmuş-ykdysady ösüşlere parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini ýaýratmaga gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli sport çäresi geçirildi

13-14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda «Газпром добыча Астрахань» medeni-sport merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sportuň kiçi-futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Astrahan we Stawropol sebitlerinde hemişelik ýaşaýan türkmenleriň toparlary hem-de Astrahan şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplaryndan ybarat toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli ýagdaýda geçirilen ýaryşyň jemlerine görä ýeňiji bolan toparlara kubok we medallar gowşuryldy. Has gowy oýun görkezen oýunçylar «Iň gowy oýunçy», «Iň gowy hüjümçi», «Iň gowy derwezeçi» ýaly ýörite sylaglar bilen sylaglandylar.

Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

13-nji sentýabrda TDIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça täze sebitleýin wekili Oliwer Stolpe bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. UNODC-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň tapgyrlarynyň çäklerinde bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň we Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşky gurşawy goramak meseleleri we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek mümkinçilikleri boýunça brifing geçirildi

12-nji sentýabrda TDIM-de «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

ÝOL UZAR KÖPRÜSI BILEN

Aşgabat — Türkmenabat awtobany munuň aýdyň mysalydyr Eşiden gürrüňim gulakda galdy:

Sungata baglanan kalbyň sesi

Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen halkynyň saza, sungata goýýan sarpasy örän beýikdir, diýseň uludyr. Munuň şeýledigini ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynyň ägirt uly ösüşlerinde hem görmek bolýar. Ynsanyň lezzetli durmuşynyň mazmuny, älemgoşar deý müň bir öwüşginli hezilligi aýdym-sazyň ýiti jadysyna eýlenip, has-da süýjeýär, has-da juwanlaşýar. Hut şonuň üçin-de, milletimiz aýdym-saza aýratyn uly hormat goýup, ony mukaddeslik derejesinde sarpalaýar. Ynha, bu ýyl bolsa, ýaş zehinleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň baýragyny almak ugrunda, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde 1-nji orna mynasyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Şol gün sungata baglanan kalbym bagtdan püre-pürlendi, aýdym-saza bolan höwesim has-da hyruç aldy. Tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda ýeňijiler yglan edilip, olaryň hatarynda maňa-da ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çyk

Ol Rumustany görsem...

(Üç yklymyň döwleti) (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Hasyl bolan arzuw

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berilýär. Çünki hünärine ökde, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn hem ruhubelent nesli kemala getirmek amala aşyrylýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet derejesinde döredilip berilýän giň mümkinçilikler bolsa döwrümiziň ýaşlaryny täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Orta mekdebi tamamlan her bir uçurym ýokary okuw mekdebinde bilim alyp, ata Watanymyza gerekli hünärmen bolup ýetişmegi arzuw edýär. Ynsan durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri-de onuň talyplyk bagtyna mynasyp bolan güni bolsa gerek. Şu ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şol bagta meniňem mynasyp bolmagym başymy göge diretdi.

Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen mukaddes ojaklaryň eýesi bolan mähriban enelerimiziň mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi, şeýle-de olaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda maksat-namalaýyn işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Milli Liderimiziň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Reýting bahalandyrylan mugallymlar kämil taýýarlanan hünärmenleriň esasydyr

Milli Liderimiziň gönüden-göni baştutanlygynda kanuny esaslaryň döredilmegi bilen döwletimiziň kärhanalaryna, edaralaryna, guramalaryna maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary girizilip, maliýe hasabatlyklary dünýä ülňülerine laýyklykda alnyp barylýar. Ählitaraplaýyn kämilleşdirmek yzygiderli dowam etdirilýär. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bazar ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy, gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegi, daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda döredilýän bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň artdyrylmagy döwletiň, ýuridik şahslaryň dolandyryjylarynyň, olary esaslandyryjylaryň, paýdarlaryň ygtybarly we maliýe hasap maglumatlaryna bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar. Ykdysady ulgamlar bilen bilelikde ösüşi gazanmakda, halkyň durmuş, ýaşaýyş derejelerini has-da ýokarlandyrmakda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, maliýe-karz we bank ulgamlarynyň ähmiýeti barha artýar. Häzirki zaman gurallary we standartlary iş tejribesine girizilýär,  olardan giňden peýdalanylýar. Bu döwrebap özgertmeler ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli hyzmatlary hödürlemekde, innowasiýalary ornaşdyrmak, ulanmak, kämilleşdirmek bilen bagly hünärmenleri taýýarlamakda hem giňden ulanylýar.

9 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaç önümlerini eksport etdi

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Hytaý agajyň we agaçdan ýasalan önümleriň 9 milliard amerikan dollarlygyny eksport edip, bu ugurda dünýäniň lideri boldy diýip, «myfin.by» portaly habar berýär. Çeşmäniň ýazmagyna görä, sanawda ikinji orun şu ýylyň birinji ýarymynda 7,1 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaçdan ýasalan önümleri eksport eden Kanada degişli. Hasabat döwründe üçünji ýerdäki ABŞ-nyň bu ugurdaky eksporty 5 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Germaniýanyň (4,7 milliard amerikan dollary) hem-de Şwesiýanyň (2,1 milliard amerikan dollary) ady bar.