"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Döwrebap ýel elektrik generatorlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz gülleýär, güýçli depgin bilen öňe barýar. Dürli senagat kärhanalary ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda ekologiýa meselesi hem ünsden düşürilmeýär. Mälim bolşy ýaly, tebigy çeşmeleriň — Günüň, ýeliň, suwuň, geo we gidrotermal ýylylygyň, biogazyň we beýlekileriň energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilen innowasion, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy häzirkizaman ylmyň öňünde goýlan esasy wezipeleriniň biri. Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda adaty däl energetika geçilmegi durnukly ykdysady ösüşe möhüm goşant bolar hem-de daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna senagatyň ýaramaz täsirini peseltmäge mümkinçilik berer, howanyň üýtgemegi ýaly häzirkizaman global meseleleri çözmäge kömek eder. Dünýäde häzirki wagtda öňe sürülýän energiýany gaýtadan dikeldiji çeşmeleriň biri hökmünde ýel elektrik generatorlaryny mysal getirmek bolar. Olaryň has kämil görnüşlerine seredip geçeliň.

Tebigata zyýansyz maýa goýumlar

Soňky ýyllarda ekologik meýilnama gazna bazaryna aralaşdy. Indi maýadarlar diňe bir baýlygyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşaw barada alada edýärler. Jogapkärli maýa goýumlarynyň aktiwlerinden biri (ESG) gymmatly kagyzlary saýlamagyň daşky gurşaw, durmuş we dolandyryş (Environmental, Social, Governance) faktorlaryna esaslanýan çemeleşmesidir. «Ýaşyl» obligasiýalara maýa goýmak bilen, maýadar daşky gurşaw baradaky aladalardan özüni boşadýar, sebäbi bu obligasiýalar ekologik taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin goýberilýär. «Ýaşyl» obligasiýalar adaty obligasiýalardan tapawutlanmaýar, olar belli bir girdejisi bolan şol bir gymmatly kagyzlardyr. Maýadar belli bir döwür aralygynda öz serişdelerini emitentlere — kärhanalara karz berýär. Şeýlelikde, bu ýagdaýda çekilen serişdeler daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak we tebigata ýetirilen zyýany azaltmak üçin gönükdirilýär: gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, biodürlüligi gorap saklamak, meliorasiýa, galyndylary gaýtadan işleýän toplumlaryny gurmak, elektrik transportyny ornaşdyrmak, arassalaýyş desgalaryny kämilleşdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we beýlekiler.

Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak

Türkmenistanda balykçylyk pudagy asyrlarboýy ýurduň ykdysadyýeti üçin, girdeji çeşmesi bolup durýar. Has dogrusy, ýurdumyzda balykçylyk 1910-njy ýylda ösüp başlady. Balykçylyk — ykdysadyýetiň azyk pudagyny güýçlendirmegiň bir bölegi. Häzirki wagtda tehnologiki döwrebaplaşdyryş, suw hojalygyny täzelemegiň hem-de ösdürmegiň netijesinde, balyk pudagy çalt depginler bilen ösýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurduň balykçylyk pudagyna degişli desgalar häzirki zaman senagat infrastrukturasy bilen enjamlaşdyrylýar, şeýle-de täze önümçilik ýerleri döredilýär. Muňa Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynda sowadyjy we doňduryjy ammarlaryň abatlanylmagy we gurulmagy aýdyň mysaldyr. Ýeri gelende aýtsak, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda senagat taýdan balygy ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, emeli suw howdanlaryny gurmak, balyk inkubatorlaryny döretmek üçin maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda janly, doňdurylan balyklaryň, duzly, kakadylan we konserwirlenen balyk önümleriniň satuwyna ýöriteleşdirilen dükanlar hem-de söwda nokatlary açyldy. Zamanabap tehnologiýalaryň we täze önümçilikleriň döredilmegi bolsa balykçylyk pudagynyň çalt depginde ösmegine oňyn ýardam berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda gol çeken «Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip gurmak hakynda» Permany esasynda, oza

Ýurdumyzda döwlet-telekeçilik hyzmatdaşlygy kämilleşýär

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde, häzirki wagtda döwlete degişli däl pudagyň önüm öndürijileriniň işleri barha ilerleýär. Telekeçiligiň ösdürilmegi, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşmagyna, önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligiň artmagyna, bazarlarda önüm bolçulygynyň döremegine getirip, ykdysadyýetiň kuwwatyny berkidýär. Döwletimiz telekeçilere goldaw bermek bilen bir hatarda, ykdysady taýdan kuwwatly hususy kärhanalaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Bu kärhanalar häzirki döwürde ýurdumyzyň sarp ediş bazarlaryny senagat we azyk önümleri bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar.

Bugdaý hakda parasatly pikirler

Ekseň — bugdaý, baksaň — goýun. Pir nazar eden bugdaý.

Hormatly Prezidentimiz daýhanlaryň zähmet ýeňişleri baradaky hasabatlary kabul etdi

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hökümet mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere geçip, milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny seljermek we kämilleşdirmek hem-de olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.