"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Ýol hereketiniň kadalaryny her birimiz bilmelidiris!

Her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Bu geçirilýän çäreler toplumy ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi arkaly ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir. Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş işleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Eýsem-de bolsa, bu işiň güýçlendirilmeginiň edaralarda, ýurduň bilim edaralarynda tomus dynç alyş möwsüminden soňra güýzüň ilkinji günlerine düşýändigi tötänden däldir. Hut şu döwürde ýol howpsuzlygy çärelerini işjeňleşdirmegi tomus dynç alyş möwsüminden soň pyýadalaryň ünsüni ýol hereketiniň howpsuzlygy kadalaryna güýçlendirmegi gazanmakdan ybaratdyr.

«Ferrarisini» satan keşişden durmuş sapaklary

6. Dogruçyllyk ýörelgesini özleşdir Käbir adamlaryň berlen söze geleňsizlik bilen çemeleşýändigine biziň gözümiz ýetip dur. Wagtymyzyň bolmajagyny bilsek hem, dostumyza indiki hepdede günorta naharyna çykylýan arakesmede ýanyna aýlaň-çaýlaňa barjakdygymyzy aýdýarys. Özümize-de şu ýyl hökman birneme horlanjakdygymyzy, sadarak ömür sürüp, durmuşda köpräk şatlanjakdygymyzy söz berýäris. Şol bir wagtda-da durmuşymyzy çuňňur özgertmek bilen bagly aýratyn bir niýetimiz hem ýokdur. Şonsuz welin beýle maksatlara ýetilmeýär.

Baý bolmagy her kim başarar

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda) Durnukly girdejä tarap 12 ädim

Atajan Annaberdiýewiň goşgulary

Atajan Annaberdiýew 1946-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Çäçdepe obasynda dogulýar. 1964-nji ýylda Murgap etrabynyň 19-njy 11 ýyllyk orta mekdebini üstünlikli tamamlap, Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. 1969-njy ýylda uniwersiteti fizik-magnitolog hünäri boýunça tamamlaýar. 1969-njy ýyldan başlap, tä 1995-njy ýylda hormatly dynç alyşa gidýänçä, 26 ýyllap Murgap etrabynyň 19-njy orta mekdebinde mugallym bolup işledi.

Goşgudan galan gyýkyndylar

Dostlugam edil agaç ýaly şahalanmaly. ***

Awtorlyk

(Budda hekaýaty) Budda ussatlarynyň biri öz okuwçylaryna juda täsirli bir ýazgyny okap beripdir. Okuwçylary şobada sowal beripdirler:

Maýkl Blumberg: Şowsuzlykdan gorkmaň!

Angliýaly Jorj Eliotyň şeýleräk sözi bar: «Kim bolup biljekdigiňize hiç haçan giç däldir». Ýazyjy zenan rast aýdypdyr. Sebäbi öňüňizde goýan maksatlaryňyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, haýal etmän herekete geçmegiňiz gerek. Ýene bir zady unutmaň: Üstünlik gazanmak üçin, üstünlik gazanmak islegiňiz, şowsuzlyk gorkyňyzdan has uly bolmalydyr. Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň iň baý adamlarynyň biri, «Bloomberg» habarlar agentliginiň esaslandyryjysy, Nýu-Ýork şäheriniň öňki meri Maýkl Blumbergiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýularyndan parçalary siziň dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildik. Blumbergiň üstünlige çenli geçen menzili siziň üçin gyzykly bolsa gerek.

«Expo 2020 Dubai» myhmanlara garaşýar

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda açyljak «Expo 2020 Dubai» sergisine durmuşy özgertjek innowasiýalary açmaga tutuş dünýäden 25 milliondan gowrak adamyň gelerine garaşylýar. Bu ägirt uly çäre hyzmatdaşlygy we çözgütleri işläp taýýarlamagy höweslendirmäge gönükdirilendir. Çünki dünýä pandemiýadan soň ykdysadyýeti dikeltmäge tarap hereket edýär. Sergini 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji marty aralygynda «Bilelikde oýlanyp, geljegi döredýäris» («Connect thoughts, create the future») şygary astynda geçirmek göz öňünde tutulýar. «Expo 2020 Dubai» sergisine geljek 25 million adamyň 70 göterimi daşary ýurtly myhmanlar bolar.

Türkmenistan we Özbegistan söwda dolanyşygyny ýokarlandyrar

Daşkent şäherinde 15-nji sentýabrda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýakyn geljekde türkmen-özbek söwda dolanyşygyny ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn ugurlary bellenildi. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumlary esasynda 160 sany kärhana hereket edýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20% ýokarlandy.

«Xiaomi» akylly äýnegini tanyşdyrdy

Hytaýyň elektronika öndürýän «Xiaomi» kompaniýasy häzirki zaman smartfonlarynyň käbir aýratynlyklary bilen enjamlaşdyrylan akylly äýnegini görkezdi. Çagyryşlar, habarnamalar, nawigasiýa, kamera — bularyň ählisi bir äýnekde jemlenendir. Ondan başga-da, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan äýnek terjime etmek aýratynlygy hem bardyr. Şeýle-de äýnegiň göwrümi boýunça tüwi dänejiginden hem kiçi bolan «MicroLED» displeýi bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň diagonaly bary-ýogy 0,13 dýuýma (takmynan, 3,3 mm.) barabardyr. Şol birwagtyň özünde ornaşdyrylan ýokary tehnologiýaly linzalaryň kömegi bilen, göz üçin has giň mümkinçilik açylýar. 

Bitkoin ABŞ-nyň 500 müň dollaryna barabar bolar

«Ark Invest» maýa goýum kompaniýasynyň baş direktory Katy Wuduň sözlerine görä, bitkoin bäş ýylyň dowamynda on esse gymmatlap, ABŞ-nyň 500 müň dollaryna barabar bolar. Şeýle-de Katy Wud ýakyn geljekde kompaniýalar kriptowalýuta has köp maýa goýup başlarlar we iri maýadarlar serişdeleriniň 5%-ini bitkoina sarp ederler diýip aýtdy. Şol nukdaýnazardan alanyňda, kriptowalýutanyň beýleki görnüşi — ethereum geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 350% gymmatlady. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Salwador döwleti bitkoini özüniň milli walýutasy diýip yglan etdi.

Täze interaktiw platformany ýola goýar

«Zoom Video Communications» kompaniýasy «Facebook» bilen bilelikde «akylly» tagtalar üçin täze özara işjeňlik platformasyny ýola goýýar. Bu barada kompaniýanyň resmi web-sahypasynda: «Wirtual duşuşygyň öňüsyrasynda, onuň barşynda we ondan soň hem wizual hyzmatdaşlygy üpjün edýän täze hemişelik interaktiw tagtany döredýändigimizi mälim etmekden hoşal» diýlip habar berildi. «Zoom» bilelikde durmuşa geçiriljek «akylly» tagtanyň wirtual, şeýle-de asinhron hyzmatdaşlyk merkezine öwrüljekdigini tassyklaýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň sekiz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda tutýan orny

Daşary söwda syýasaty daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge täsirini ýetirýän çäreleriň toplumydyr. Daşary söwda milli ykdysadyýeti ösdürmek we ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin, goşmaça serişdeleri almagy üpjün edýär. Daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy döwletara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär. Şonuň netijesinde, Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimi barha giňeýär we ýurdumyzyň dünýäniň ýurtlary bilen daşary söwdasynyň geografiki düzümi ýyl-ýyldan diwersifikasiýalaşýar. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmaga amatly şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynyň netijeli täjirçilik işini üpjün etmek maksady bilen, söwda we maglumat üpjünçiligi hyzmatlary sanly ulgama geçirilýär. Has dogrusy, «bir penjire» ulgamynyň üsti arkaly täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa alnyp barylýan işleriň hil we ykdysady taýdan kämilleşmegine, haryt öndürijileriň sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly ýardam edýä

«Kroger» garaşylandan has gowy netije gazandy

10-njy sentýabrda «Kroger» kompaniýasy 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde ABŞ-nyň 467 million dollary (her bir paýnama 61 sent) möçberinde girdeji gazanandygy barada habar berdi. Bu geçen ýylky görkeziji — ABŞ-nyň 819 million dollary bilen deňeşdireniňde, her bir paýnama 1,03 dollar köpdür. Hasabat döwri kompaniýanyň girdejisi ABŞ-nyň 30,49 milliard dollaryndan ABŞ-nyň 31,68 milliard dollaryna çenli ýokarlandy. Awtobenzini hasaba almanyňda, «LFL»-niň satuwy 0,6 göterim ýokarlandy. «Kroger» kompaniýasy söwdalarynyň jeminde ABŞ-nyň 29,97 milliard dollary möçberinde sap girdeji gazanmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda kompaniýa her ýylda paýnama başyna düşýän girdejisini ABŞ-nyň 3,10 dollaryndan ABŞ-nyň 3,35 dollaryna çenli ýokarlandyrmagy başardy.

«Toyota» kuwwatlandyryjy önümçiligine ABŞ-nyň 13,5 milliard dollaryny sarp eder

Ýaponiýanyň awtoulag öndürýän «Toyota Motor» korporasiýasy 2030-njy ýyla çenli elektrik hereketlendirijide işleýän ulaglary üçin kuwwatlandyryjylary hem-de tok üpjünçilik ulgamlaryny işläp düzmek işlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, ABŞ-nyň 13,5 milliard dollaryndan gowrak pul serişdesini sarp etmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda kompaniýa gaty jisimli kuwwatlandyryjylary köpçülikleýin öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar. Meýilnama üstünlikli amala aşyrylan ýagdaýynda täze kuwwatlandyryjylar suwuk litiý-ion batareýalarynyň ornuny tutar. Şeýle-de «Toyota» kompaniýasy «Prius» ýaly garnuw elektrik awtoulaglarynyň modellerinde hem gaty kuwwatlandyryjylary ulanmagy meýilleşdirýär.

«Intel» Ýewropada çip zawod gurýar

«Intel» tehnologiýa kompaniýasy Ýewropada ýarymgeçirijileri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna ABŞ-nyň 95 milliard dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu meýilnama bökdençsiz amala aşyrylan ýagdaýynda «Intel» kompaniýasynyň degişli bazarda öňdäki orunlara geçmegi üçin uly ädim bolar. Kompaniýanyň baş direktory Pet Gelsingeriň sözlerine görä, «Intel» ýakyn geljekde Ýewropada iki sany çip öndürýän zawod gurar. Şeýle-de on ýylyň dowamynda maýa goýumlaryny 80 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar.

«Apple» tanyşdyrylyş dabarasyny guraýar

«Apple» kompaniýasy 14-nji sentýabrda täze «iPhone» toplumynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirýändigi barada habar berdi. Çäre wideoşekil arkaly geçiriler. Dabarada kompaniýanyň täze önümleri — «Apple Watch» we «AirPods» enjamlary görkeziler. Tanyşdyrylyş dabarasyny apple.com saýty ýa-da Apple TV ýaýlymy arkaly tomaşa edip bilersiňiz. Maglumat üçin, «Apple» kompaniýasy, adatça, täze önümlerini güýzüň ilkinji aýynda köpçülige hödürleýär, ýöne 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli, oktýabr aýynda geçirilipdi. Şol dabarada kompaniýa sagatlarynyň täze — «Apple Watch» we «iPad» modellerini görkezipdi.

Hytaýda öndürilen elektrokarlaryň söwdasy 34% ýokarlandy

Hytaýyň ýeňil awtoulag bileleşiginiň resmi portalynda çykan soňky maglumatlara laýyklykda, «Tesla» kompaniýasy awgust aýynda 44 264 sany Hytaýda öndürilen elektrokarlarynyň söwdasyny amala aşyrdy. Şeýlelikde, «Tesla» kompaniýasynyň awgust aýynda elektrik hereketlendirijili awtoulaglarynyň söwdasy iýun, iýul aýlaryna garanyňda, 34% artdy. Maglumat üçin, amerikaly işewür Uorren Baffet tarapyndan goldanylýan «BYD» kompaniýasy awgust aýynda 60 858 elektomobil, Hytaýyň «General Motor» bilen bilelikdäki kärhanasy bolsa 43 783 elektrokar satdy.

Ilkinji akylly telewizorlaryny görkezdi

«Amazon» kompaniýasy alyjylar bazaryna gönükdirilen ilkinji akylly telewizorlaryny köpçülige görkezdi. «Fire TV Omni» akylly telewizorynyň ilkinji iki görnüşi dürli ululykda bolar. Täze önümleriň oktýabr aýynda ABŞ-nyň 369,99 — 1099,99 dollary aralygynda bazara goýberilmegine garaşylýar. «Amazon»-yň saýty bilen bir hatarda täze telewizorlar ABŞ-nyň iň iri «Best Buy» dükanlar toplumynda hem satlyga çykarylar. Ýeri gelende aýtsak, «Best Buy» hem-de «Amazon» ýakyn wagtda «Pioneer» kompaniýasynyň «Fire TV» bilen enjamlaşdyrylan akylly telewizorlarynyň täze görnüşlerini köpçülige hödürlemegi meýilleşdirýär.