Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda tutýan orny

12 Sentýabr 2021
1253

Daşary söwda syýasaty daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge täsirini ýetirýän çäreleriň toplumydyr. Daşary söwda milli ykdysadyýeti ösdürmek we ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin, goşmaça serişdeleri almagy üpjün edýär. Daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy döwletara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär. Şonuň netijesinde, Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimi barha giňeýär we ýurdumyzyň dünýäniň ýurtlary bilen daşary söwdasynyň geografiki düzümi ýyl-ýyldan diwersifikasiýalaşýar.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmaga amatly şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynyň netijeli täjirçilik işini üpjün etmek maksady bilen, söwda we maglumat üpjünçiligi hyzmatlary sanly ulgama geçirilýär. Has dogrusy, «bir penjire» ulgamynyň üsti arkaly täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa alnyp barylýan işleriň hil we ykdysady taýdan kämilleşmegine, haryt öndürijileriň sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär. Sanly ykdysadyýetiň gazananlaryny nazara almak bilen, ýokary hilli innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Elektron söwdalary internet ulgamy arkaly onlaýn tertipde geçirilýär, daşary ýurtlarda açyljak söwda meýdançalaryna gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär. Şeýle-de elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda ygtyýarnama esasynda dellalçylyk işini amala aşyrýan kärhanalar döredilýär, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylýar.

Batyr BERDYÝEW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy, Içerki we daşarky bazarlarda haryt dolanyşygyny öwreniş müdirliginiň daşarky bazarlaryň haryt dolanyşygyny öwreniş bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar