Ýüpekçiligiň esasy daýanjy
Şu ýyl welaýatymyzyň ýüpekçileri 1010 tonna piläni öndürmegi maksat edinýärler. Welaýatymyzyň hojalyklarynda eýýäm ýüpek gurçuklarynyň hasyly ýygnalyp başlandy. Ýüpekçilik gadymdan bäri ýöredilýän önümçilikdir. Ýüpek gurçuklaryny idetmegiň esasynda dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan ýüpek öndürilýär. Ýüpekden alynýan önümlere bolsa diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem isleg örän ýokarydyr. Biziň welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda hem ýokary hilli ýüpek matalarynyň we ýaglyklarynyň onlarça görnüşleri öndürilýär, ýüpek halylary dokalýar. Senagat kärhanalaryny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek, umuman, ýüpekçiligi ösdürmek üçin iň möhüm işleriň biri-de tutçulygy ösdürmekdir. Sebäbi ýüpek gurçugynyň ýeke-täk iýmiti tut ýapragydyr. Piläniň bol hasylyny we hilini üpjün etmek bolsa ýüpek gurçuklaryna berilýän tut ýapraklaryna köp derejede baglydyr. Welaýatymyzyň çäginde ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin tut daragtlarynyň üsti her ýylda ýetirilip durulýar. Tuduň, aýratyn-da, ýokary hilli ýaprakly görnüşleriniň köpeldilmegine üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda tut agaçlarynyň tutýan meýdany onlarça müň gektardan geçýär.