Maldarlar üçin gollanma

2 Maý 2021
1489

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alym, professor mugallymlarynyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen «Maldarçylygyň tohumçylyk işi we genofondy» atly okuw kitaby neşir edildi.

Okuw kitabynda ýurdumyzda, şeýle hem dünýäde maldarçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýy, maldarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, bu pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri, maldarçylygyň dürli görnüşlerinde we tohumlarynda seleksiýa-tohumçylyk işini alyp barmagyň genetiki esaslary, seleksiýanyň esasynda mallaryň önümlilik we tohumlylyk alamatlaryny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara degişli ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.

«Bereketli toprak».