Daýhan hojalygynyň ümzügi ileri

2 Maý 2021
1659

Sarahs etrabynyň «Arassa harman» daýhan hojalygy döwlet Baştutanymyzyň oba hojalygyny özgertmek ugrundaky tagallalary netijesinde döredilen hojalyklaryň biridir. Tejribeli oba hojalyk hünärmeni Perman Orazowyň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygynyň 3800 gektar ekin meýdany bolup, onuň 1200 gektarynda guşgursak ak bugdaý, 504 gektarynda bolsa gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirilýär.

Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynyň häzirki günlerinde gürrüňi edilýän daýhan hojalygynyň zähmetsöýer ekerançylary däne ýetişdirilýän meýdanlardaky ekine göwnejaý ideg etmek, gowaça ekişini üstünlikli tamamlamak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda bolup, hojalygyň ýolbaşçysy Perman Orazow bilen iş üstünde duşuşanymyzda, ol üstümizdäki ýylda bol galla hasylynyň kemala getirilýändigi, gowaça ekişiniň soňky gektarlarda alnyp barylýandygy barada aýtdy.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,
öz habarçymyz. SURATLARDA: daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Perman Orazow ekin meýdanynda; gowaçanyň hatarara bejergisinden pursat. Surata düşüren awtor.