Ýüpekçi zenan

2 Maý 2021
1353

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde ýurdumyzyň ýüpekçileri hem öz zähmet üstünliklerini baýram edýärler.

Şeýle ýüpekçileriň biri hem Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Ogulsabyr Pygamowadyr. Ol ýaşy segsenden geçen hem bolsa, zähmet çekmegini dowam edip, ýylyň-ýylyna ýüpek gurçugyny idedýär. Ogulsabyr daýza ýaşlykdan pagta ýygyp, suw tutup, her ýyl ýüpek gurçugyny idedip, Watan harmanyna welaýatda ilkinji bolup, bol pile hasylyny tabşyryp gelýär. Ol indi 65 ýyldan gowrak wagt bäri ýüpek gurçugyny idedip gelýär. Gaýratly zenan bol we ýokary hilli pile hasylyny almak üçin öz kärende ýeriniň gyrasyna tut nahallaryny ekip ýetişdirdi. Şeýle bolansoň, ýüpek gurçuklarynyň iýmit üpjünçiliginde bökdençlik döränok. Ýüpek gurçuklaryny idetmekde baý tejribesi bolan Ogulsabyr ene bu ugurda öz bilýän zatlaryny ogly Hudaýnazara, özi bilen atdaş gelni Ogulsabyra öwredip, agtyklary Pygam, Döwlet, Leýla dagylary hem bu döwletli işe çekip, özi ýaly tejribeli ýüpekçi edip ýetişdirdi. 82 ýaşy arka atan, 18 agtygyň, 11 çowlugyň enesi Ogulsabyr Pygamowa ýaş daýhanlara we ýüpekçilere görelde bolup, halal zähmetiň bagt getirýändigi hakynda öwran-öwran nygtaýar.

Sülgün KERIMOWA,
TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni.